Aragçi: Russiýa halkara hukugynyň dogry ýolunda
Eýranyň Daşary işler ministri, Russiýanyň ABŞ we Ysraýylyň Eýrana garşy hüjümlerini ýazgarmakdaky pozisiýasyna ýokary baha bermek bilen Russiýa halkara hukugynyň dogry ýoldadyr diýdi.
ars Today -iň Mehr habar gullugyna salgylanyp beren habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministri Seýid Abbas Aragçi duşenbe güni Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen Kremlinde duşuşygynda, Sionist režimiň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Eýrana garşy esassyz agressiýasy sebäpli dartgynlyk derejesi ýokarlanýar diýdi.
Bu hüjümler BMG-nyň Tertipnamasyna we halkara hukugyna garşy gelýär we Eýran Yslam Respublikasy özüni goraýar.
Eýranyň Daşary işler ministri sözüniň dowamynda Eýran-Russiýa gatnaşyklary gaty ýakyn we könedyr we soňky ýyllarda olar strategiki ölçege eýe boldylar diýdi.
Eýranyň Daşary işler ministri Yslam Rewolýusiýasynyň Lideriniň we Eýranyň Prezidentiniň salamlaryny Russiýanyň Prezidentine gowşurdy we ABŞ we Sionist režiminiň Eýrana garşy alyp barýan harby agressiýasyndan soň Moskwanyň pozisiýalaryna ýokary baha berdi.
Russiýanyň prezidenti hem Eýranyň Daşary işler ministri bilen bolan duşuşygynda ABŞ-nyň we Sionistleriň Eýrana eden hüjümlerini ýazgarmakda Moskwanyň pozisiýasyny ýene bir gezek yglan etdi we bu hüjümleriň esassyz we düşüniksiz agressiýa bolandygyny aýtdy.
Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin duşenbe güni Eýranyň Daşary işler ministri Seýid Abbas Aragçi bilen Kremlinde eden duşuşygynda ABŞ bilen bilelikde Sionist režimiň Eýrana garşy esassyz agressiýasy üçin hiç hilli esas ýokdyr diýdi.