Galibaf: Eýranyň Atom Energiýasy Guramasy IAEA bilen hyzmatdaşlygy wagtlaýyn togtatdar
(last modified Wed, 25 Jun 2025 09:05:19 GMT )
Jun 25, 2025 14:05 Asia/Ashgabat
  • Galibaf: Eýranyň Atom Energiýasy Guramasy IAEA bilen hyzmatdaşlygy wagtlaýyn togtatdar

Eýranyň Yslam Şura mejlisiniň başlygy: Eýranyň Atom Energiýasy Guramasy, ýadro desgalarynyň howpsuzlygy kepillendirilýänçä IAEA bilen hyzmatdaşlygyny togtatar we Eýranyň parahatçylykly ýadro programmasy has çalt öňe gider diýdi.

Pars Today -iň habaryna görä, Muhammet Bager Galibaf Eýranyň Yslam Şura mejlisiniň açyk ýygnagynda eden çykyşynda, Amerika we Sionist režimi, yglan edilen strategiki maksatlaryna ýetmän, halkyň bitewi goldawy bilen goldanýan Eýranyň ýaragly güýçleriniň güýçli goranyşy sebäpli hüjümlerini duruzmaga mejbur boldylar diýdi.

Şeýle hem Galibaf Yslam Eýran, Hudaýyň ebedi güýjüne bil baglap, girizilen urşa şeýle bir jogap berdi welin, duşman uruş we haýbat atmak arkaly Eýranyň beýik Musulman we Aşura halkyna parahatçylyk döredip bilmejekdigini bildi diýdi.

Eýranyň mejlisiniň başlygy şeýle-de duşman diňe bir baýlaşdyrmagy bes etmek we raketa programmasyny çäklendirmek maksatlaryna ýetip bilmän, eýsem galp Ysraýyl döwletiniň harby we howpsuzlyk infrastrukturasy ilkinji gezek weýran boldy, ähli şäherleri howp astyna düşdi, demir gümmezinden geçip bilmejekdigi baradaky mif ýykyldy we Soňky zarbada Eýranyň hüjüm ediji güýjüniň görkezilmegi bilen bu topragyň ýaşaýjylary mundan beýläk gowy uklamazlar we maýa goýujylar üçin howpsuzlyk bolmaz we bu basyp alnan toprakda ýaşaýşyň geljegine umyt bolmaz. Eýran öz güýjüni "dünýäniň energiýa ykdysadyýetine täsir etmek" üçin ulanmady diýdi.

Şeýle hem ol sözüniň dowamynda, Amerika, Eýran halkynyň tutanýerliligini görüp, şu hüjümi bilen kynçylykdan halas bolmaga synanyşdy we Eýranyň sebitdäki harby bazalarynyň serkerdelik merkezine proporsional jogap bermeginiň öwezine ýaraşygy teklip etdi we yzarlady. Bularyň hemmesi Eýran, tutanýerlilik bilen, "dünýäniň energiýa ykdysadyýetine täsir etmek" ýaly ähli mümkinçiliklerini ulanmady diýdi.

Mejlisiň başlygy sözüniň dowamynda Eýran Yslam Respublikasynyň ýaragly güýçleri, içerde we daşardaky ähli eýranlylaryň goldawy bilen, krizisa duçar bolan sionist režimi we Eýrana garşy eden agressiýasy üçin Amerikay ökündirdi we bu amala aşyrylan rewolýusiýanyň paýhasly lideriniň çyn ýürekden beren wadasydydy diýip beýan etdi.

Yslam Şura mejlisiniň başlygy şeýle hem Eýranyň ýadro desgalaryna edilen hüjümi ýazgarmakdan ýüz öwüren Halkara Atom Energiýasy Guramasy, halkara abraýyny auksiona çykardy. Şol sebäpli Eýranyň Atom Energiýasy Guramasy, ýadro desgalarynyň howpsuzlygy kepillendirilýänçä Agentlik bilen hyzmatdaşlygyny togtatar  we Eýranyň parahatçylykly ýadro programmasy has çalt depginde öňe gider diýdi.