Arakçi “Ýörite habarlar gepleşigi” programmasynda: Eýranyň bähbitleri üçin zerur bolsa; gepleşikleri geçireris
Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Seýid Abbas Aragçi Eýran bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky gytaklaýyn gepleşiklere ünsi çekip, Eýran halkynyň bu döwürde özboluşly raýdaşlygynyň sebäplerinden biri, öz hökümetiniň işlerinde gören dogruçyllygydyr, olar Parahatçylykly çözgüt tapmak üçin hökümetiň mümkin bolan ähli ýollary synandygyny gördüler diýdi.
Pars Today -iň habaryna görä, Seýid Abbas Aragçi düýn, penşenbe güni agşam "Sionist režimiň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Eýrana garşy agressiýasyndan soň daşary syýasatda bolup geçen üýtgeşmeler barada düşündiriş bermek üçin" ýörite habarlar gepleşigi "programmasynda çykyş etdi.
Bu söhbetdeşlikde Eýranyň Daşary işler ministri şu wagta çenli ABŞ bilen gepleşikler üçin hiç hili wada ýa-da ylalaşyk baglaşylmandygyny aýtdy we Sionist režime Eýranyň Liwan däldigini we ýaraşygyň islendik bozulmagyna çalt we takyk jogap beriljekdigini habar berdik diýdi.
Aragçi, duşmanlaryň eýran halkyny hukuklaryndan we ýadro hukuklaryndan mahrum etmek üçin dürli basyş edýändiklerine ünsi çekip, sözüniň üstüni ýetirdi: Ähli eýranlylar ýurdy goramakda birleşdiler diýdi.
Ol şeýle hem Eýranyň boýun egmek sözüne keseki bolandygyny belläp bu garşylyk Eýranyň taryhynda galar, sebäbi ýadro ýaragly güýç we ýadro ýaragly režim we ähli ýewropalylar Eýran Yslam Respublikasyny we halkyny ýeňmek we boýun egdirmek üçin birek-birege kömek edip, Amerikanyň gegemoniýasyna garşy 50 ýyl töweregi göreşi bes etmek üçin kömek etdiler, ýöne netijä ýetmediler diýdi.
Eýranyň gepleşiklere girmek syýasatynyň takyk, hasaplanan we paýhaslydygyny mälim eden Eýranyň Daşary işler ministri: Diplomatiýa we gepleşiklere garşy däldigimizi mälim etdik, ýöne beýleki tarap tarapyndan kesgitlenen ýerde oýnamajakdygymyzy yglan etdik diýdi.
Aragçi, bu 12 günüň bir milletiň garşylygynyň nyşany hökmünde taryhda ýazyljakdygyny we bu ugur meýdan bilen diplomatiýanyň arasynda doly utgaşdyrylandygyny belläp biziň syýasatymyz, eger duşman şertsiz dursa, Eýran hem reaksiýalaryny bes eder siýdi.
Eýranyň Daşary işler ministri şeýle-de Halkara hukugy nirede, halkara düzgünleri nirede? Adam hukuklary geňeşinde sionist režime garşy ýekeje beýannama berilmedi diýip beýan etdi.