Aragçi: Eýran halky iň soňky damja gana çenli durar
Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri X ulgamynda ýazan hatynda: Millet iň soňky damja gana çenli ykbalymyzy çözmek isleýän her bir tarapa garşy durar diýdi.
Pars Today -iň habaryna görä, Seýid Abbas Aragçi iňlis dilinde ýazylan habara goşup: Eýranyň beýik halky ýene-de bir gezek dünýä halkyna ajaýyp güýç we çydamlylygy görkezdi diýdi.
Ol şeýle-de, Harby serkerdelere, alymlara, gözlegçilere we raýatlara, şol sanda gorkak Ysraýyl režimi tarapyndan rehimsizlik bilen öldürilen bigünä aýal-gyzlara we çagalara hormat goýmak üçin köçelere çykan watançylaryň güýçli tolkunlarynyň hemmesiniň aýdyň sargydy bardyr diýdi.
Eýranyň Daşary işler ministri şeýle-de Ysraýylyň gowşak we ejiz režiminden tapawutlylykda ýitgilerimizi hiç wagt gizlemeýäris, biz şehitlerimize buýsanýarys, sebäbi olar biziň göreldelerimizdir. Arkaýyn boluň, ýitirilen her bir ofiser ýa-da alym üçin ýüzlerçe adam ýerini doldurmak üçin hatara düzendirler diýdi.
Aragçi şeýle hem Eýranyň kuwwatly we çydamly halky, ykbalymyzy çözmek isleýän her bir adama garşy iň soňky damja çenli berk durar diýdi.