Eýran Amerikan stilindäki gepleşiklere "ýok" diýýär
(last modified Tue, 01 Jul 2025 07:53:16 GMT )
Jul 01, 2025 12:53 Asia/Ashgabat
  • Eýran Amerikan stilindäki gepleşiklere

Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary ABŞ we Ysraýyl režiminiň hereketleriniň diplomatiýany ýok edendigini aýtdy.

Duşenbe güni çap edilen “Russia Today” gazetine beren interwýusynda Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Ismail Bagaýi,  başga bir ýurduň ýokary wezipeli adamlaryna we ýolbaşçylaryna kemsidiji we gödek äheň ulanmak gaty ýigrenji we kabul ederliksiz. Özüňi alyp barşyň bu görnüşi, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna ýa-da onuň işgärlerine hiç hili ynam getirmeýär we düýbünden kabul ederliksizdir diýdi.

Pars Today -iň habaryna görä Bagaýi şeýle-de biz gepleşik etabynyň ortasynda bolduk we ABŞ-nyň wekilleri bilen duşuşmaly bolduk, ýöne birden sionist režimi Muskatda geçirilmeli gepleşikleriň altynjy tapgyryndan iki gün öň ABŞ-nyň goldawy we ýaşyl çyrasy bilen Eýrana hüjüm etdi diýdi.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Eýranyň gepleşik stolundan hiç haçan çykmandygyny aýtmak bilen hemişe diplomatiýany goldaýarys, emma ABŞ bilen Ysraýylyň hereketleri diplomatiýany ýok etdi we bu hakykatdanam diplomatiýa dönüklikdi diýdi.

Şu nukdaýnazardan, Eýranyň Birleşen Milletler Guramasyndaky ilçisi Amir Said Irwani ýekşenbe güni CBS News habar gullugyna Tähranyň Tähran bilen Tel Awiwiň arasyndaky konflikti diplomatik çözmek üçin şu wagta çenli ABŞ-nyň prezidentiniň basyşyny kabul etmeýändigi baradaky soraga jogap höküminde "Şertsiz boýun egmek gepleşik däl, bu olaryň öz syýasatlaryny bize zor bilen girizmek hökümindedir" diýdi.

Irwani sözüniň dowamynda, "Olar gepleşik geçirmäge taýyn bolsa, biz hem taýýar. Ýöne şertlerini girizmek isleseler, olar bilen gepleşik geçirip bolmaz" diýdi.