Prezident pezeşkian: EKO goňşy diplomatiýanyň çynlakaý nyşanydyr
(last modified Sat, 05 Jul 2025 08:02:05 GMT )
Jul 05, 2025 13:02 Asia/Ashgabat
  • Prezident pezeşkian: EKO goňşy diplomatiýanyň çynlakaý nyşanydyr

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Masud Pezeşkian Eýran Yslam Respublikasy üçin EKO goňşy diplomatiýanyň çynlakaý nyşanydygyny we köptaraplaýyn ykdysady diplomatiýanyň başynda durýandygyny aýtdy.

IRNA habar gullugynyň anna güni agşam habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Masud Pezeşkian X sosial ulgamdaky hasabynda şeýle ýazdy: 17-nji EKO sammitinde, Eýranyň çägine garşy agressiýa garşy sebitdäki ýurtlaryň jogapkär pozisiýalaryna ýokary baha berdim diýdi.

Pezeşkian sözüniň dowamynda biziň üçin EKO goňşy diplomatiýanyň we ilkinji nobatda köptaraplaýyn ykdysady diplomatiýanyň çynlakaý nyşanydyr. Bilelikde 2035-nji ýyla çenli söwda, üstaşyr, sanly, syýahatçylyk we durnuklylyk gözýetimine ýetip bileris diýip nygtady.

4-nji iýul, anna güni irden, Eýranyň prezidenti Azerbaýjanyň prezidentiniň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (EKO) döwlet baştutanlarynyň 17-nji sammitine gatnaşmak üçin çakylygy boýunça bir günlük saparda Hankendi şäherine gitdi. Sammitiň çäginde Azerbaýjanyň prezidenti Ilham Alyýew, Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, Päkistanyň premýer-ministri Şahbaz Şerif we Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon bilen duşuşdy we gepleşik geçirdi.

Pezeşkian şeýle hem ýygnakda çykyş etdi we Sionist režimiň Eýranyň eziz halkyna eden agressiýasy sebäpli ýüze çykan köp adam ýitgileri barada durup geçdi we bu söweşde Eýran Yslam Respublikasynyň ýaragly güýçleri, Birleşen Milletler Guramasynyň Hartiýasynyň 51-nji maddasyna laýyklykda Eýran halkyny, milli özygtyýarlylygy we territorial bitewiligini gorady diýdi.

Eýranyň prezidenti ýygnakda eden çykyşyny dowam etdirip: Sebit ýurtlarynyň we EKO guramasynyň agzalarynyň krizis döwründe alyp barýan jogapkärçilikli pozisiýalaryna ýokary baha berýärin. Yslam ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň ýygnagyny goşmak bilen köp sanly dünýä we sebit guramasy Sionist režimiň Eýran Yslam Respublikasyna garşy hüjümlerini ýazgarýan aýgytly ses kabul etdi diýdi.