Aragçi bin Salman bilen duşuşdy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i26988-aragçi_bin_salman_bilen_duşuşdy
Eýranyň Daşary işler ministri bilen Saud Arabystanyň şazadasynyň arasyndaky duşuşykda sebitdäki wakalar gözden geçirildi we sebitde howpsuzlygy we durnuklylygy berkitmegiň ähmiýeti nygtaldy.
(last modified 2025-07-09T04:51:38+00:00 )
Jul 09, 2025 09:51 Asia/Ashgabat
  •   Aragçi bin Salman bilen duşuşdy

Eýranyň Daşary işler ministri bilen Saud Arabystanyň şazadasynyň arasyndaky duşuşykda sebitdäki wakalar gözden geçirildi we sebitde howpsuzlygy we durnuklylygy berkitmegiň ähmiýeti nygtaldy.

Pars Today -iň habaryna görä, Jeddada Saud Arabystanyň şazadasy Muhammet bin Salman Al Saud bilen bolan duşuşygynda Eýranyň Daşary işler ministri Seýid Abbas Aragçi Ysraýyl režimiň Eýrana garşy guran hüjümini  ýazgarmakdaky we Riýadyň sebitdäki howpsuzlygy we durnuklylygy güýçlendirmek ugrundaky tagallalary baradaky pozisiýasy üçin Saud Arabystanyna minnetdarlyk bildirdi.

Şeýle hem Saud Arabystanyň şazadasy Eýran bilen Sionist režimiň arasyndaky ýaraşyk şertnamasynyň sebitde howpsuzlygy we durnuklylygy berkitmek üçin şertleri döretmäge kömek etjekdigine umyt bildirdi.

Şeýle hem Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Seýid Abbas Aragçi bilen duşuşandan soň, Saud Arabystanyň Goranmak ministri Halid bin Salman Al Saud X sosial ulgamynda şahsy sahypasynda şeýle ýazdy: Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri doktor Aragçi bilen duşuşdym.

Saud Arabystanyň Goranmak ministri sözüniň dowamynda bu duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli taraplaryny gözden geçirdik. Şeýle hem, sebitdäki özgerişleri we howpsuzlygy we durnuklylygy ýokarlandyrmak ugrundaky tagallalary, şeýle hem umumy gyzyklanma döredýän birnäçe meseläni ara alyp maslahatlaşdyk diýdi.