Eýranyň we Italiýanyň daşary işler ministrleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Seýid Abbas Aragçi we Italiýanyň daşary işler ministri Antonio Tajani telefon arkaly söhbetdeşlikde sebit we halkara wakalar barada pikir alyşdylar.
Pars Today-iň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Seýid Abbas Aragçi, Italiýanyň daşary işler ministri Antonio Tajani bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde Sionist režimiň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Eýrana garşy harby agressiýasy we bu kanunlary bozmak üçin ähli hökümetleriň ýazgarmagy zerurdygyny aýtmak bilen Eýranyň Birleşen Milletler Guramasynyň Hartiýasynyň, halkara hukugynyň we ýadro ýaraglaryň ýaýramazlyk düzgüniniň ýörelgeleriniň çäginde öz bähbitlerini we hukuklaryny goramak kararyna gelendigini aýtdy.
Antonio Tajani bu telefon söhbetdeşliginde diplomatiýany ulanmagyň we halkara meselelerini çözmekde güýç ulanmazlygyň zerurdygyny aýtdy.