Eýranyň we Italiýanyň daşary işler ministrleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i27058-eýranyň_we_italiýanyň_daşary_işler_ministrleriniň_arasynda_telefon_arkaly_söhbetdeşlik
Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Seýid Abbas Aragçi we Italiýanyň daşary işler ministri Antonio Tajani telefon arkaly söhbetdeşlikde sebit we halkara wakalar barada pikir alyşdylar.
(last modified 2025-07-23T05:16:47+00:00 )
Jul 23, 2025 10:16 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň we Italiýanyň daşary işler ministrleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Seýid Abbas Aragçi we Italiýanyň daşary işler ministri Antonio Tajani telefon arkaly söhbetdeşlikde sebit we halkara wakalar barada pikir alyşdylar.

Pars Today-iň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Seýid Abbas Aragçi, Italiýanyň daşary işler ministri Antonio Tajani bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde Sionist režimiň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Eýrana garşy harby agressiýasy we bu kanunlary bozmak üçin ähli hökümetleriň ýazgarmagy zerurdygyny aýtmak bilen Eýranyň Birleşen Milletler Guramasynyň Hartiýasynyň, halkara hukugynyň we ýadro ýaraglaryň ýaýramazlyk düzgüniniň ýörelgeleriniň çäginde öz bähbitlerini we hukuklaryny goramak kararyna gelendigini aýtdy.

Antonio Tajani bu telefon söhbetdeşliginde diplomatiýany ulanmagyň we halkara meselelerini çözmekde güýç ulanmazlygyň zerurdygyny aýtdy.