Pezeşkian: Biz ýene Ysraýyla hüjüm etmäge taýýar; Eýran howpy kabul etmeýär
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i27060-pezeşkian_biz_ýene_ysraýyla_hüjüm_etmäge_taýýar_eýran_howpy_kabul_etmeýär
Sişenbe güni agşam efire berlen “Al Jazeera” teleýaýlymy bilen geçirilen ýörite söhbetdeşlikde Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Masud Pezeşkian bu ýurduň güýçleriniň basyp alnan ýerleriň çuňlugyny ýene bir gezek nyşana almaga taýýardygyny aýtdy.
(last modified 2025-07-23T06:35:56+00:00 )
Jul 23, 2025 11:35 Asia/Ashgabat
  • Pezeşkian: Biz ýene Ysraýyla hüjüm etmäge taýýar; Eýran howpy kabul etmeýär

Sişenbe güni agşam efire berlen “Al Jazeera” teleýaýlymy bilen geçirilen ýörite söhbetdeşlikde Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Masud Pezeşkian bu ýurduň güýçleriniň basyp alnan ýerleriň çuňlugyny ýene bir gezek nyşana almaga taýýardygyny aýtdy.

Pars Today -iň habaryna görä Pezeşkian sözüniň dowamynda Ysraýyl tarapyndan islendik harby herekete taýýar. Bu režim bize zarba urdy we güýç bilen oňa zarba urduk, emma ýitgilerini gizleýärler diýdi.

Ol şeýle-de Ysraýyl bulam-bujarlyk döretmek we hökümeti ýok etmek arkaly Eýrany üýtgetmäge, bölmäge we ýok etmäge synanyşdy, ýöne şowsuz boldy. Eýranda aralaşmagyň bolandygyna şek ýok, ýöne muny kesgitleýän faktor Amerikanyň tehnologiýasy we onuň mümkinçiliklerinden peýdalanmakdy diýip nygtady.

Eýranyň prezidenti şeýle-de biz uruş islemeýäris, ýöne atyşygyň bes edilmek ylalaşygyna-da bil baglamarys we güýç bilen özimizi gorarys diýdi.

Ol sözüni dowam etdirip Eýran boýun egmedi we boýun egmez, bu hemmeler üçin düşnükli, ýöne biz diplomatiýa we gepleşiklere ynanýarys. Sebit ýurtlary soňky söweşdäki ýaly Eýrana beýle goldaw pozisiýasyny kabul etmediler diýdi.

Pezizian Pezeşkian Eýran Yslam Respublikasynyň ýadro ýaragyna garşydygyny belläp,bu, biziň syýasy, dini, ynsanperwer we strategiki pozisiýamyz. Eýranyň topragynda urany baýlaşdyrmak geljekde halkara hukugynyň çäginde dowam etdiriler diýip beýan etdi.

Pezeşkian şeýle hem geljekdäki gepleşikleriň ýeňiş-ýeňiş logikasyna esaslanmalydygyny we Eýran howplary ýa-da buýruklary kabul etmejekdigini aýtdy. ABŞ-nyň prezidenti Donald Trump, Eýranda ýadro ýaragynyň bolmaly däldigini aýdýar we biz muny Trumpyň sözleri sebäpli däl-de, Yslam Rewolýusiýasynyň Lideriniň fatwasy sebäpli kabul edýäris. Eýranyň ýadro programmasynyň gutarandygyny aýtmak hyýaldyr. Eýranyň ýadro mümkinçilikleri desgalarda däl-de, eýsem alymlarymyzyň aňyndadyr diýdi.

Tähranyň Katardaky ABŞ-nyň Al-Udeid howa bazasyna guran hüjümi barada Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti şeýle diýdi: Biz Katara hüjüm etmedik we muny edip bilmeris. Bu ýurt doganymyz, halkymyz doganlar we Eýran ähli taraplaýyn goldaw berýär.

Pezeşkian şeýle-de janyna kast etmek synanyşygy barada gürrüň gozgap bu waka Ysraýylyň Eýranyň syýasy işgärlerini harby işgärlerden soň öldürmek ugrundaky tagallalarynyň bir bölegidir diýip beýan etdi.