Eýran bilen Ýewropa ýurtlarynyň arasynda gepleşikler Türkiýäniň Stambul şäherinde başlandy
Eýran bilen Fransiýa, Germaniýa we Angliýa ýaly ýadro şertnamasynyň agzalary bolan üç Ýewropa ýurtlarynyň arasyndaky gepleşikler anna güni Stambuldaky Eýranyň konsullygynda başlandy.
Pars Today-iň habaryna görä, bu Sionist režimiň Eýrana garşy 12 gün dowam eden söweşinden soň Eýran bilen Ýewropanyň arasynda ilkinji ýüzbe-ýüz gepleşiklerdir. Bu gepleşiklerde Eýranyň wekiliýetine Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary Kazem Garibabadi we Majid Taht-Rawançi ýolbaşçylyk edýärler.
Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Esmail Bagaýi duşenbe güni geçirilen metbugat ýygnagynda bu waka barada beren gürrüňlerinde gepleşikleriň mowzugy sanksiýalary ýatyrmak we Eýranyň parahatçylykly ýadro programmasy bilen baglanyşykly meseleler boljakdygyny şu Tapawut bilen hökman talaplarymyzy çynlakaý ara atjakdyrys diýip aýdypdy.