Masud Pezeşkian: Hiç bir güýç Eýranyň birleşen halkyny duruzyp, dyzyna getirip bilmez
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i27090-masud_pezeşkian_hiç_bir_güýç_eýranyň_birleşen_halkyny_duruzyp_dyzyna_getirip_bilmez
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti, hiç bir güýjüň agzybir we sazlaşykly halky dyzyna getirip, olary duruzyp bilmejekdigini aýdyp biz bile bolup, halkyň goldawyny we ýoldaşlygyny saklasak, ösüş we öňe gidiş ugrundaky hereketimizi hiç bir päsgelçilik saklap bilmez diýdi.
(last modified 2025-07-31T04:18:39+00:00 )
Jul 31, 2025 09:18 Asia/Ashgabat
  • Masud Pezeşkian: Hiç bir güýç Eýranyň birleşen halkyny duruzyp, dyzyna getirip bilmez

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti, hiç bir güýjüň agzybir we sazlaşykly halky dyzyna getirip, olary duruzyp bilmejekdigini aýdyp biz bile bolup, halkyň goldawyny we ýoldaşlygyny saklasak, ösüş we öňe gidiş ugrundaky hereketimizi hiç bir päsgelçilik saklap bilmez diýdi.

Masud Pezeşkian Penşenbe güni Zanjan welaýatynyň Bilim adalatyny ösdürmek ýygnagynda Sionist režimiň Eýrana eden hüjüminde şehit bolanlary ýatlamak bilen halkymyzyň, harby we howpsuzlyk güýçlerimiziň we raketa gahrymanlarynyň 12 günüň dowamynda amala aşyran batyrgaý goragy taryh döretdi we bu hereketler biziň we sebitdäki ähli musulmanlar üçin buýsanç we hormat çeşmesi boldy diýdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Eýran üçin köp kynçylyklary kabul eden we daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň wagyz-nesihatlaryna we propaganda meýdançalarynda synanyşan şahsyýetleriň bolgusyz sözlerine garamazdan duşmany ýeňen adamlar minnetdarlyga mynasypdyrlar diýip sözlerine goşdy.