Galibaf: Sionistler yslam ýurtlaryny bölmäge synanyşýarlar / Aýaz Sadek: Demir gümmezler gutardy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i27094
Eýran Yslam Respublikasynyň we Päkistan Mejlisleriniň başlyklary ikitaraplaýyn duşuşykda sionist režimiň dildüwşüklerine garşy durmak üçin yslam ýurtlarynyň arasynda ýakynlaşmagyň zerurdygyny aýtdylar.
(last modified 2025-07-31T11:08:16+00:00 )
Jul 31, 2025 16:08 Asia/Ashgabat
  • Galibaf: Sionistler yslam ýurtlaryny bölmäge synanyşýarlar / Aýaz Sadek: Demir gümmezler gutardy

Eýran Yslam Respublikasynyň we Päkistan Mejlisleriniň başlyklary ikitaraplaýyn duşuşykda sionist režimiň dildüwşüklerine garşy durmak üçin yslam ýurtlarynyň arasynda ýakynlaşmagyň zerurdygyny aýtdylar.

Pars Today habar gullugynyň habaryna görä, çarşenbe güni agşam Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde geçirilen Bütindünýä parlamentleriniň spikerleriniň altynjy sammitiniň çäginde Eýranyň Yslam Şura mejlisiniň başlygy Muhammet Baker Galibaf, Päkistanyň Milli Assambleýasynyň başlygy Aýaz Sadek bilen duşuşdy we söhbetdeş boldy.

Bu ýygnakda, Galibaf dostlukly we dogan ýurt bolan Pakistanyň Sionist režimiň we ABŞ-nyň Eýran Yslam Respublikasyna garşy eden soňky hüjümleri, şeýle hem Pakistanyň Eýran bilen giňişleýin hyzmatdaşlygy baradaky pozisiýasyna ýokary baha bermek bilen agressiýada bir topar eýran serkerdesi öldürildi diýdi. Sionistleriň harby hereketleri ABŞ-nyň gönüden-göni goldawy bilen amala aşyrylýar, emma Eýran Yslam Respublikasy olara aýgytly we berk jogap berdi.

Eýran mejlisiniň başlygy, Sionist režimiň yslam ýurtlaryna garşy agressiýasyny dowam etdirjekdigini belläp, olar Yslam ýurtlaryny bölmek isleýärler, şonuň üçin olara çynlakaý garşy durmalydyrys diýdi.

Şeýle hem, Galibaf yslam ýurtlarynyň arasynda agzybirligi we hyzmatdaşlygy döretmegiň zerurdygyna ünsi çekmek bilen bu ýurtlar Gazada we Palestinde bar bolan ýagdaýlaryň agyrlaşmagynyň öňüni almaly, ýogsam Siriýada bolup geçýän şol bir zat beýleki ýurtlarda-da durmuşa geçiriler diýdi.

Galibaf şeýle-de Eýranyň mäkäm jogaby sionistleriň ejiz we ýeňilip bilinjekdigini subut edendigini belläp, bu hereket yslam halkyna täze ruh berdi we geljege umyt berdi diýdi.

Eýranyň kanun çykaryjy guramasynyň başlygy ahyrsoňy Eýran bilen Päkistanyň arasynda ykdysady, howpsuzlyk we serhet hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga çagyrdy.

Bu duşuşykda Päkistan mejlisiniň başlygy hem Sionist režimiň agressiýasyna Eýranyň beren jogaby Demir gümmez hekaýany soňlady diýdi.

Pakistanyň Milli mejlisiniň başlygy Aýaz Sadyk, Eýran halkynyň sionist režimiň agressiw hereketine garşy çydamlylygy, garşylygy we agzybirligi bilen gutlady we şeýle diýdi: Eýrana garşy harby agressiýa habaryny eşidensoň, Pakistanyň ilkinji çäresi, Ysraýyl režimine garşy karar çykarmakdy, bu döwletiň şeýle hem Pakistanyň halkynyň karardy.

Sadyk şeýle hem Eýran Yslam Respublikasynyň Hindistan bilen Päkistanyň arasyndaky dartgynlygy aradan aýyrmak üçin alyp baran diplomatik tagallalaryna ýokary baha bermek bilen  Pakistan we Eýran bilen baglanyşykly iki söweş köp ýurtlaryň pozisiýasyny aýdyňlaşdyrdy.

Päkistan mejlisiniň başlygy Eýran bilen Pakistanyň arasyndaky parlament we hökümet gatnaşyklaryna gowy baha bermek bilen Eýran Yslam Respublikasynyň sionist režimiň agressiýasyna beren jogaby Demir gümmez mifini ýok etdi diýdi.