Eýran bilen Türkmenistanyň arasynda medeni, ykdysady we syýasy hyzmatdaşlygy ösdürmegiň zerurlygy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i27112-eýran_bilen_türkmenistanyň_arasynda_medeni_ykdysady_we_syýasy_hyzmatdaşlygy_ösdürmegiň_zerurlygy
Eýranyň birinji wise-prezidenti, Türkmenistana sapary wagtynda Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşdy we söhbetdeş boldy.
(last modified 2025-08-06T03:21:17+00:00 )
Aug 06, 2025 08:21 Asia/Ashgabat
  • Eýran bilen Türkmenistanyň arasynda medeni, ykdysady we syýasy hyzmatdaşlygy ösdürmegiň zerurlygy

Eýranyň birinji wise-prezidenti, Türkmenistana sapary wagtynda Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşdy we söhbetdeş boldy.

Pars Today habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň birinji wise-prezidenti doktor Muhammetreza Aref bu duşuşykda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ünsi çekdi.

Şeýle hem Aref sebitde parahatçylygyň zerurdygyny nygtady we bu meselede Türkmenistanyň aýratyn roluny ýatlatdy.

Bu duşuşykda Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem Eýranyň medeniýeti we siwilizasiýasy barada durup geçdi we iki ýurduň arasynda medeni, ykdysady we syýasy hyzmatdaşlygy ösdürmegiň zerurdygyny aýtdy.