Eýranyň Saud Arabystanyndaky ilçisi Aragçi bilen duşuşdy
Aug 10, 2025 10:44 Asia/Ashgabat
Eýran Yslam Respublikasynyň Saud Arabystanyndaky ilçisi "Alireza Enaýati", Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri "Seýid Abbas Aragçi" bilen duşuşdy we Eýran bilen Saud Arabystanynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň soňky ýagdaýy barada hasabat hödürledi.
Pars Today -iň habaryna görä, bu duşuşykda Seýid Abbas Aragçi, Eýran bilen Saud Arabystanynyň arasyndaky gatnaşyklaryň oňyn we ösýän tendensiýasyna ünsi çekip, iki ýurduň sebitdäki parahatçylygy we durnuklylygy berkitmek ugrundaky hyzmatdaşlygyny we bilelikdäki tagallalaryny göz öňünde tutdy.
Aragçi bu duşuşykda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn ugurlarda gatnaşyklary has-da pugtalandyrmagyň möhümdigini aýtdy.