Zangzur koridorynyň geosyýasy netijeleri we Eýranyň ABŞ-a garşy pozisiýasy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i27138-zangzur_koridorynyň_geosyýasy_netijeleri_we_eýranyň_abŞ_a_garşy_pozisiýasy
Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary gatnaşyklar boýunça strategiki geňeşiniň sekretary Zangzur koridorynyň geosyýasy täsiri bar we Eýran Yslam Respublikasy muny äsgermezlik etmez diýdi.
(last modified 2025-08-10T07:14:38+00:00 )
Aug 10, 2025 12:14 Asia/Ashgabat
  • Zangzur koridorynyň geosyýasy netijeleri we Eýranyň ABŞ-a garşy pozisiýasy

Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary gatnaşyklar boýunça strategiki geňeşiniň sekretary Zangzur koridorynyň geosyýasy täsiri bar we Eýran Yslam Respublikasy muny äsgermezlik etmez diýdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary gatnaşyklar boýunça strategik geňeşiniň sekretary Ali Bageri Kani şenbe güni agşam Ermenistan, Azerbaýjan we Eýranyň demirgazyk-günbatar serhedindäki Zangzur koridory meselesinde Amerikanyň araçylygy barada gürrüň gozgap munyň hökman geosyýasy netijeleri bolar şonuň üçin Eýrana muny äsgermezlik etmegiň aňsat däldigini we Eýran Yslam Respublikasynyň serhet çäginde durnuklylyga, ösüşe we öňegidişe ýol açjak we Eýranyň goňşulary bilen hemmetaraplaýyn işleşmegi üçin şert döredýän şertleri döretmeginiň möhümdigini resmi taýdan yglan etdi.

Ol şeýle hem Daşary ýurtlularyň, esasanam Amerikanyň sebite girmek we sebit ýurtlarynyň bähbitlerine zyýan bermek bilen öz bähbitlerini goramak isleýändigi, elbetde, ne Eýran, ne-de sebit ýurtlary we halyklary üçin kabul ederlikli däldir diýdi.