Eýranyň Daşary işler ministriniň orunbasary: Nol baýlaşdyrmak meýilleşdirilmeýär
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i27148
Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary, "hiç hili ýagdaýda nol baýlaşdyrmagy kabul etmejekdigimizi" aýdyp, baýlaşdyrmagyň zerurdygyny we Eýranda baýlaşdyrmagyň hiç hili ýagdaýda ýatyrylmajakdygyny aýtdy.
(last modified 2025-08-12T13:10:29+00:00 )
Aug 12, 2025 18:10 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň Daşary işler ministriniň orunbasary: Nol baýlaşdyrmak meýilleşdirilmeýär

Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary, "hiç hili ýagdaýda nol baýlaşdyrmagy kabul etmejekdigimizi" aýdyp, baýlaşdyrmagyň zerurdygyny we Eýranda baýlaşdyrmagyň hiç hili ýagdaýda ýatyrylmajakdygyny aýtdy.

Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary "Majid Taht-Rawançi" Ýaponiýanyň Kýodo habar gullugyna beren interwýusynda şeýle diýdi: Baýlaşdyrmak programmamyzyň möhüm elementidir, ýöne baýlaşdyrmagyň mümkinçilikleri we derejesi barada ýumşaklyk bolup biler diýdi.

"Majid Taht-Rawançi", bu söhbetdeşlikde "maşa mehanizmi" barada aç-açan pozisiýamyzyň bardygyny aýdyp, biziň pikirimizçe, Ýewropa ýurtlarynyň üçüsi, Angliýa, Fransiýa we Germaniýa, ýadro ylalaşykdaky borçnamalaryny bozandyklary üçin maşa mehanizmini işjeňleşdirip bilmez diýdi.