Masud Pezeşkian: Şehit bolan alymlar Eýrany ösüşiň iň ýokary derejesine çykardylar
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i27150
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti, Sionist režimiň jenaýatçylygynyň öňünde adam hukuklaryny, parahatçylygy we howpsuzlygy talap edýänleriň hereketsizligini berk tankytlamak bilen bu şehit bolan alymlarymyz dünýäde Eýran halkyna hyzmat etmekden başga hiç zat etmediler, ýöne sionist režimi tarapyndan şehit boldular diýdi.
(last modified 2025-08-12T14:02:20+00:00 )
Aug 12, 2025 19:02 Asia/Ashgabat
  • Masud Pezeşkian: Şehit bolan alymlar Eýrany ösüşiň iň ýokary derejesine çykardylar

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti, Sionist režimiň jenaýatçylygynyň öňünde adam hukuklaryny, parahatçylygy we howpsuzlygy talap edýänleriň hereketsizligini berk tankytlamak bilen bu şehit bolan alymlarymyz dünýäde Eýran halkyna hyzmat etmekden başga hiç zat etmediler, ýöne sionist režimi tarapyndan şehit boldular diýdi.

Sişenbe güni Tähranyň Şahid Beheşti uniwersitetiniň ýadro inženerçiligi fakultetinde alym şehitleriniň hatyrasyna gatnaşan Masud Pezeşkian demokratiýany, adam hukuklaryny, parahatçylygy we howpsuzlygy talap edýänleriň özüni alyp barşyny tankytlamak bilen bu talap ýalandan başga zat däl diýdi. Häzirki wagtda şehit bolan alymlarymyz Eýranyň halkyna hyzmat etmekden we ýurdy dünýädäki gorkak hüjümlerden goramaga synanyşmakdan başga hiç zat etmediler, ýöne sionist režimi tarapyndan şehit boldular.

Pezeşkian şeýle-de Sionist režimiň agressiýasy we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň we Ýewropa ýurtlarynyň bu režime berýän goldawy barada aýdyp, Ysraýyllar Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň doly goldawyndan peýdalanýan hüjümçilerdir diýdi. Olarda platforma, pul, güýç we gudrat bar we häzirki wagtda adamlaryň umumy öldürilmeginden başga-da, suw, derman, çörek we iýmit ýoluny petikleýärler we Gazadaky adamlar açlyk çekýärler, bu hereket utandyryjy diýdi.