Larijani: Liwanyň Hizbullahy Yslam üçin hormat we buýsanç çeşmesidir
Eýranyň Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretary "Ali Larijani" Liwanyň Hizbullahy häzirki wagtda yslam üçin hormat we buýsanç çeşmesi bolan janly we dowamly hereket hasaplady.
Eýranyň Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretary "Ali Larijani", çarşenbe güni Beýrutda şehit Seýid Hasan Nasrallanyň guburynyň ýanyndaky Liwan halkyna eden çykyşynda Şehit Seýid Hasan Nasrallanyň Hizbullahy güýçlendirmek ugrundaky tagallalary yslam jemgyýetleri üçin hakyky we dowamly hereket boldy diýdi.
Eýranyň Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretary Hizbullah güýçlerine ýüzlenip şeýle diýdi: "Sizi halamaýan we ýigrenýän bolup biler, ýöne bu nägileligiň siziň ähmiýetiňiz we täsiriňiz bilen baglanyşyklydygyny biliň. Hereketiňiziň täsiri bolmadyk bolsa, size beýle ýigrenç döretmezdi diýdi.
Larijani şeýle-de habar beriş serişdelerinde size garşy alnyp barylýan ähli çekişmelere garamazdan, ýoluňyz düşnükli we siz ýeňijidirsiniň diýip sözlerine goşdy.