Larijani: Eýran, Sionist režimiň islendik hüjümine berk jogap bermäge taýýar
Eýran Yslam Respublikasynyň Ýokary Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretary penşenbe güni sionist režimiň islendik hüjümine berk garşylyk görkezmäge taýýardygymyzy aýtdy we "Ysraýyl režiminiň" sebite durnuklylygy gazanmagyna ýol bermejekdigini ýatlatdy.
Ali Larijani “Al-Mayadeen Network” bilen söhbetdeşlikde Eýran Yslam Respublikasynyň Liwan we Yrak bilen doganlyk, dostlukly, güýçli we strategiki gatnaşyklarynyň bardygyny we dürli umumy ugurlary ara alyp maslahatlaşýandygymyzy aýtmak bilen biz Bagdatda howpsuzlyk şertnamasyna gol çekdik, esasy maksady iki ýurtda howpsuzlygy, durnuklylygy we parahatçylygy gazanmak üçin edilýän tagalladyr we bu Yslam respublikasynyň sebit hyzmatdaşlygynyň hakykatyna umumy garaýşydyr diýdi.
Eýranyň Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretary şeýle-de syýasatda ikitaraplaýyn düşünjeleri ornaşdyrmak üçin käbirleriniň arkasynda gizlenip bilýän" şeýtanlar "bar, emma hakykatlara düşünmek üçin öz pikirlerimizi aç-açan beýan etdik diýdi.
Ali Larijani, Sionist režimiň premýer-ministri Benýamin Netanýahunyň strategiki we taktiki taýdan öz maksatlaryna ýetip bilmeýändigine salgylanyp şeýle hem, Eýranyň hiç haçan boýun egmändigini we hiç haçan boýun egmejekdigini, taraplaryň uruş arkaly isleglerine ýetmejekdiklerine düşünenlerinde we gepleşikleriň peýdalydygyny aýtdy.
Ol şeýle hem Amerikalylar öz wezipelerini aýdyňlaşdyrmalydyrlar; şol bir wagtyň özünde gepleşikler we uruş hakda gürlänlerinde, urşuň peýdasyzdygyna düşünmediklerini aňladýar.