Seýid Abbas Aragçi: Eýran-Ermenistan gatnaşyklarynyň geljegi gaty ýagty
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i27176-seýid_abbas_aragçi_eýran_ermenistan_gatnaşyklarynyň_geljegi_gaty_ýagty
Eýranyň Daşary işler ministri Seýid Abbas Aragçi Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Masud Pezeşkýanyň Ermenistana saparynyň öňüsyrasynda eden çykyşynda umumy taryhy geçmişe we geljekdäki gözýetimlere daýanýan Eýran, uzak wagtlyk dostlugyň täze bölümini ýazmak üçin Ermenistan bilen hyzmatdaşlyga taýyndyr; şübhesiz iki ýurda, sebite we beýleki ýurtlara has uly abadançylyk we howpsuzlyk getirer. Eýran-Ermenistan gatnaşyklarynyň geljegi gaty ýagty we hiç kim bu ýoly sowup bilmez diýdi.
(last modified 2025-08-18T04:39:12+00:00 )
Aug 18, 2025 09:39 Asia/Ashgabat
  • Seýid Abbas Aragçi: Eýran-Ermenistan gatnaşyklarynyň geljegi gaty ýagty

Eýranyň Daşary işler ministri Seýid Abbas Aragçi Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Masud Pezeşkýanyň Ermenistana saparynyň öňüsyrasynda eden çykyşynda umumy taryhy geçmişe we geljekdäki gözýetimlere daýanýan Eýran, uzak wagtlyk dostlugyň täze bölümini ýazmak üçin Ermenistan bilen hyzmatdaşlyga taýyndyr; şübhesiz iki ýurda, sebite we beýleki ýurtlara has uly abadançylyk we howpsuzlyk getirer. Eýran-Ermenistan gatnaşyklarynyň geljegi gaty ýagty we hiç kim bu ýoly sowup bilmez diýdi.

Ermenistan habar gullugyna ýazan hatynda "Aragçi" sebitimiziň geosyýasy gözýetimi biziň gatnaşyklarymyzyň strategiki ähmiýetini öňkülerinden has ýokary görkezýär. Global näbellilik we sebitleýin özgerişler şertlerinde Eýran bilen Ermenistanyň bähbitleri öňkülerinden has köp baglanyşyklydyr diýdi.

Tebigy ýaranlar hökmünde umumy serhedimiz diňe bir geografiki hakykat däl, eýsem energiýa, transport, adam gatnaşyklary we sebit howpsuzlygy ugurlaryndaky hyzmatdaşlyk üçin köpridir. Eýran Günorta Kawkazda parahatçylygy we durnuklylygy goldamagy maksat edinýär we Ermenistanyň howpsuzlygy we gülläp ösmegi Eýran Yslam Respublikasynyň islegidir; goňşularyň has giň durnuklylygyna goşant goşýan mesele.