Larijani: Eýran Liwan halkynyň ýanynda, ýöne buýruk bermeýär
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i27182-larijani_eýran_liwan_halkynyň_ýanynda_ýöne_buýruk_bermeýär
Eýran Yslam Respublikasynyň Ýokary Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretary ýekşenbe güni agşam eden çykyşynda Liwan halky özleri karar berýär we biz bu ýurduň içerki işlerine goşulmaýarys, ýöne hemişe olaryň tarapynda bolandygymyz sebäpli, şu gün hem olar bilen bile bolýarys diýdi.
(last modified 2025-08-18T05:21:15+00:00 )
Aug 18, 2025 10:21 Asia/Ashgabat
  • Larijani: Eýran Liwan halkynyň ýanynda, ýöne buýruk bermeýär

Eýran Yslam Respublikasynyň Ýokary Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretary ýekşenbe güni agşam eden çykyşynda Liwan halky özleri karar berýär we biz bu ýurduň içerki işlerine goşulmaýarys, ýöne hemişe olaryň tarapynda bolandygymyz sebäpli, şu gün hem olar bilen bile bolýarys diýdi.

Ali Larijani geçen hepde Beýrutda eden soňky sapary barada şeýle diýdi: Şu gün Liwanda jedeller bar we olar çözgüt gözleýärler, Liwan bilen ara alyp maslahatlaşmagymyz ähli ýagdaýlarda siziň bilen bolarys, elbetde, Liwan halky karar berýänler we bu ýurduň içerki işlerine goşulmaýarys, ýöne hemişe olar bilen bile bolýarys, şu günem olar bilen bile bolýarys.

Eýranyň Ýokary Milli Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretary, uly ýurtlaryň beýleki ýurtlar üçin möhlet bellemegini halamaýandygymyzy we munuň medeniyetli ýurt bilen gepleşik dili däldigini aýtmak bilen; Yslam respublikasynyň ýurtlara bolan çemeleşmesi, olaryň öz agalygy bolmalydyr we sebitdäki ýurtlar (Günbatar Aziýa) Eýrandan kömek sorasalar, elbetde kömek ederis we olara ýoldaş bolarys, şonuň üçin Yrakda ýa-da beýleki ýurtlarda bolsun, Yslam Respublikasynyň beýany doganlarymyz bilen bile bolmak borjumyzdyr, ýöne buýruk bermeýäris diýdi.