Eýran Yslam Respublikasynyň we Belarusyň prezidentleriniň Minskdäki metbugat ýygnagy
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, Belarusyň prezidenti bilen bilelikde geçirilen metbugat ýygnagynda bu ýurt bilen gatnaşyklaryň iň ýokary derejede alnyp barylýandygyny aýtdy we Belarus bilen gatnaşyklary giňeltmek üçin haýsydyr bir çäklendirmäni göz öňünde tutmaýarys; häzirki wagtda birtaraplaýynlygy we onuň weýran ediji täsirlerini ýeňip geçmek üçin has köp hyzmatdaşlygymyz gerekdir diýdi.
Çarşenbe güni öýlän Belarusa eden saparynyň dowamy bilen, Prezident Masud Pezeşkian, bu ýurduň prezidenti bilen bilelikde geçirilen metbugat ýygnagynda, Belarus hökümetiniň hormatlanýan Prezidenti we kärdeşleri tarapyndan mynasyp myhman alynmagyna minnetdarlyk bildirip, Belarus bilen gatnaşyklar mümkin boldugyça ýokary derejede alnyp barylýar we bu sapar, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklarda öwrülişik nokady bolup, netijelerini geljekde we hyzmatdaşlygyň ösýän tendensiýasynda hökman göreris diýdi.
Pars Today -iň habaryna görä, Masud Pezeşkian sözüniň dowamynda Belarus strategiki Ýewraziýa sebitinde möhüm ýurt we Eýran Yslam Respublikasy üçin ygtybarly hyzmatdaşdyr diýdi. Iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň giňişleýin kartasy (2023-2026) gatnaşyklaryň gidişini anyk kesgitledi we biz ony doly durmuşa geçirmäge synanyşarys; Eýran Yslam Respublikasy Belarus respublikasy bilen gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýär diýdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, şu gün Lukaşenko bilen gowy gepleşikleri geçirendigimizi we gowy ylalaşyk gazandyklarymyzy belläp: Ikitaraplaýyn gatnaşyklar, sebitleýin we halkara özgerişler barada maslahatlaşdyk we pikir alyşdyk, köp meselelerde umumy pikirlerimiz bar diýip beýan etdi.
Pezeşkian şeýle hem Eýran Yslam Respublikasynyň Belarus bilen gatnaşyklaryny berkitmek üçin hiç hili çäklendirmäi kabul etmeýändigini bellemek bilen bu nukdaýnazardan, Belarusyň prezidentiniň Tährana eden öňki sapary wagtynda gol çekilen iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar üçin ýol kartasynyň doly durmuşa geçirilmegini goldaýarys diýdi.