Bagaýi: Biz haýsydyr bir partiýa bilen gürleşmekden gorkamzok
Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary duşenbe güni agşam beren gürrüňlerinde iň oňat çözgüt tapmak üçin ýewropalylar bilen gürleşmäge taýýardyrys, emma gylyç ýaly Snapback howpy peýdaly ýa-da konstruktiw diýip pikir etmeýäris diýdi.
Esmail Bagaýi Germaniýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň birisine beren interwýusynda Eýranyň ýadro ylalaşygy we Ýewropanyň howpy abanmak baradaky pozisiýasyny açyklap bu mehanizmiň durmuşa geçirilmegini bikanun, logiki däl we zyýanly diýip atlandyrmak bilen 2231-nji karardan 10 ýyl soň, Yslam respublikasynyň parahatçylykly ýadro programmasy BMG Howpsuzlyk Geňeşiniň gün tertibinde galmaly däldir diýip nygtady.
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Tähranyň ýadro ylalaşyga hemişe ygrarlydygyny aýdyp, ABŞ-ny bu halkara şertnamadan birtaraplaýyn yza çekilmegi we ýewropalylaryň öz borçnamalaryny ýerine ýetirmezligi Eýranyň borçnamalaryny azaltmagyň sebäbi hasaplady.
Ýewropanyň ynam döretmek baradaky çagyryşlaryna jogap edip, eýran diplomaty ikitaraplaýyn hereket etmegi talap etdi "Yslam respublikasynyň ynamyna uly zeper ýetdi we beýleki taraplardan ygtybarlylygyny subut etmegi Eýranyň hukugy bar" -diýdi.
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary ahyrynda Snapback bolan halatynda ähli ssenariýalaryň mümkin boljakdygyny we ýagdaýyň başgaça boljakdygyny duýdurdy.