Pezeşkian: Eýran agressora garşy berk durar
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti, Eýranyň hüjümçä garşy berk durjakdygyny aýtdy.
Anna güni agşam, hökümetiň Snapbacky işjeňleşdirmek baradaky pozisiýasy bilen baglanyşykly metbugat ýygnagynda Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian Eýran Snapbackyň işjeňleşdirilmegini asla islemeýär diýdi.
Pars Today-iň habaryna görä Pezeşkian sözüniň dowamynda käbir halkara kanunlaryny bozýan käbir Ýewropa ýurtlarynyň şu gün çarçuwany hormatlamazlykda bizi aýyplaýandyklary şübheli; beýle ýurtlardan beýle talaplary nädip kabul edip bileris? diýdi.
Pezeşkian şeýle-de biz uruş gözlemeýäris, ýöne basyp almak isleseler, olara garşy berk durarys diýdi.
Bu arada Russiýanyň Daşary işler ministrligi, Eýranyň ýadro şertnamany birnäçe ýyl bäri wepalylyk bilen durmuşa geçirýändigini ýatlap, Angliýanyň, Germaniýanyň we Fransiýanyň BMG Howpsuzlyk Geňeşiniň Eýrana garşy sanksiýalaryny dikeltmek baradaky hereketlerini bikanun diýip atlandyrdy we ýazgardy.
Hytaýyň Daşary işler ministrligi hem anna güni beren beýanynda: BMG Howpsuzlyk Geňeşinde Eýrana garşy sanksiýalaryň gaýtadan girizilmegi konstruktiw ädim däl diýdi. Beýanatda Eýranyň ýadro meselesi aýgytly döwürdedir we gepleşikler täzeden başlamaly. Eýranyň ýadro meselesini dogry ýerine ýetirmek üçin parahatçylygy we gepleşikleri goldaýarys diýdi.