Bagaýi: Şanhaý, Ýewropa Troikasynyň Eýrana garşy "Snap Back" hereketine garşydygyny mälim etdi
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i27242-bagaýi_Şanhaý_Ýewropa_troikasynyň_eýrana_garşy_snap_back_hereketine_garşydygyny_mälim_etdi
Duşenbe güni Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary ynamdar we täsirli hasaplanmak üçin her bir halkara guramanyň we köptaraplaýyn ylalaşygyň agzalaryna kynçylyklara duçar bolan ýagdaýynda goldaw bermelidigini we goramalydygyny aýtmak bilen indi geçiriljek bu çärede Şanhaý guramasynyň üç Ýewropa döwleti tarapyndan ygtyýarlyklardan hyýanatçylykly peýdalanmagyna ýekeje ses bilen garşy çykjakdygyna garaşylýar diýdi.
(last modified 2025-09-01T05:06:04+00:00 )
Sep 01, 2025 10:06 Asia/Ashgabat
  • Bagaýi: Şanhaý, Ýewropa Troikasynyň Eýrana garşy

Duşenbe güni Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary ynamdar we täsirli hasaplanmak üçin her bir halkara guramanyň we köptaraplaýyn ylalaşygyň agzalaryna kynçylyklara duçar bolan ýagdaýynda goldaw bermelidigini we goramalydygyny aýtmak bilen indi geçiriljek bu çärede Şanhaý guramasynyň üç Ýewropa döwleti tarapyndan ygtyýarlyklardan hyýanatçylykly peýdalanmagyna ýekeje ses bilen garşy çykjakdygyna garaşylýar diýdi.

Hytaýyň Sinhua habarlar gullugyna beren interwýusynda Esmail Bagaýi Eýran-Hytaý gatnaşyklaryny, Şanhaý sammitiniň Pekinde geçirilmegini we Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Masud Pezeşkýanyň bu halkara çäresinde gatnaşmagyny düşündirdi.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyny (SHG) täze döreýän halkara topar hökmünde häsiýetlendirdi we ŞHG-nyň ýolbaşçylarynyň isleglerini halkara derejesinde kanunyň hökmürowanlygyny saklamaga we umumy gymmatlyklara esaslandy diýip hasaplady. Şeýle hem, Eýranyň we Hytaýyň liderleriniň ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmak baradaky tutanýerliligine ünsi çekip iki ýurduň arasyndaky 25 ýyllyk şertnama durmuşa geçirilýär we dowam edýär diýdi.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary terrorçylygy ŞHG-nyň ähli agzalary üçin alada goýýan howp hökmünde tanatdy we bu gurama Günorta ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk üçin örän täsirli esas bolup biler diýdi.

Şeýle hem Bagaýi, Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Masud Pezeşkýanyň Pekine eden saparyny ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösmeginde we Tähranyň ŞHG-daky pozisiýasynyň berkidilmegi üçin öwrülişik hökmünde häsiýetlendirdi.