Pezeşkian: Eýran bilen Päkistanyň halky dogandyrlar
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, Pakistanyň premýer-ministri bilen bolan duşuşygynda iki ýurduň halkynyň arasynda hiç hili boşlugyň ýokdugyny duýýandygyny aýtmak bilen biz ähli ugurlar boýunça gatnaşyklary berkitmek we çuňlaşdyrmak we hyzmatdaşlygy giňeltmekdäki päsgelçilikleri aýyrmak isleýäris diýdi.
Masud Pezeşkian duşenbe güni irden Hytaýa sapary wagtynda Pakistanyň premýer-ministri Şahbaz Şerif bilen duşuşyp, musulman ýurtlarynyň umumy meseleleri çözmek üçin birek-birege çynlakaý hyzmatdaşlyk etmelidigini aýtdy. Ol: Yslam jemgyýetleriniň garyplyk, dawa we köp sanly kynçylyk bilen ýüzbe-ýüz bolmagy kabul ederliksizdir diýdi.
Eýranyň prezidenti, suw joşmasynda birnäçe adamyň ölmegi sebäpli Pakistanyň hökümetine we halkyna ýene-de duýgudaşlyk bildirdi; we Sionist režimiň Gazadaky jenaýatlarynyň dowam etdirilmegine we güýçlenmegine ünsi çekip, hamala medeniýetli diýilýän, adam hukuklaryny we parahatçylygy goraýan dünýä bu jenaýatlaryň öňünde diňe dymman, eýsem Sionist režimine enjamlar we ýarag ibermek bilen olaryň dowam etmegini goldaýar diýdi.
Bu duşuşykda Päkistanyň premýer-ministri Eýranyň duýgudaşlyk bildirmegine minnetdarlyk bildirmek bilen Eýranyň prezidentiniň Pakistana eden soňky sapary diýseň konstruktiw we peýdaly boldy we iki ýurduň arasyndaky dostluk we doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga oňyn täsir etdi diýdi.
Şahbaz Şerif şeýle-de, Eýranyň we Pakistanyň belent yslam maksatlaryny durmuşa geçirmek ugrunda hyzmatdaşlyk edip biljekdigini we zerurdygyny aýdyp, ähli musulmanlar we yslam ýurtlary Ysraýylyň jenaýatlaryna garşy birleşmelidigini aýtdy.