Eýranyň ilçisiniň Wenesuelanyň Daşary işler ministri bilen duşuşygynda Tähranyň Karakasa goldaw habary
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i27250-eýranyň_ilçisiniň_wenesuelanyň_daşary_işler_ministri_bilen_duşuşygynda_tähranyň_karakasa_goldaw_habary
Eýran Yslam Respublikasynyň Karakasdaky ilçisi Wenesuelanyň daşary işler ministri bilen duşuşygynda Eýranyň bu ýurdyň parahatçylygna we howpsuzlygna abanýan howplara garşy goldaw habaryny gowşurdy.
(last modified 2025-09-02T04:35:11+00:00 )
Sep 02, 2025 09:35 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň ilçisiniň Wenesuelanyň Daşary işler ministri bilen duşuşygynda Tähranyň Karakasa goldaw habary

Eýran Yslam Respublikasynyň Karakasdaky ilçisi Wenesuelanyň daşary işler ministri bilen duşuşygynda Eýranyň bu ýurdyň parahatçylygna we howpsuzlygna abanýan howplara garşy goldaw habaryny gowşurdy.

Sişenbe güni Wenesuelanyň Daşary işler ministri Iwan Gil Pinto duşuşyk barada şeýle ýazdy: Eýranyň Wenesueladaky ilçisi Ali Çegini bilen strategiki ýaranlygymyzy tassyklamak, özygtyýarlylygy, ösüşi we köptaraplaýyn dünýäni goramakda dostluk we bilelikdäki hyzmatdaşlyk maksady bilen duşuşdyk diýdi.

Bu duşuşykda Eýran Yslam Respublikasynyň hökümetinden Wenesuelanyň we tutuş Karib deňziniň we Latyn Amerikasynyň sebitiniň parahatçylygyna we howpsuzlygyna abanýan howplara garşy raýdaşlyk habaryny aldyk.

Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygymyzyň we köptaraplaýyn forumlardaky işlerimiziň parahatçylyk diplomatiýasyna bil baglamak arkaly mundan beýläk-de güýçlenjekdigine ynanýarys diýdi.