Pezeşkian: Guterreş Ysraýyla garşy has aç-açan çemeleşmeli
Eýranyň prezidenti Masud Pezeşkian BMG-ny sionist režimiň jenaýatlaryna garşy çäre görmegine çagyrýar.
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Masud Pezeşkian BMG-nyň ýolbaşçylygyndaky halkara guramalaryň sebitdäki sionist režiminiň jenaýatlaryna we ot ýakylmagyna garşy has amaly we çynlakaý çäre görmegine garaşýarys diýdi.
Pars Today habar gullugynyň habaryna görä, duşenbe güni agşam BMG-nyň Baş sekretary Antonio Guterreş bilen bolan duşuşygynda Masud Pezeşkian Eýran Yslam Respublikasynyň hemişe parahatçylygy we asudalygy gözleýändigini ýöne sionist režimiň bize garşy uruş edendigini aýtmak bilen bu režimiň Gazadaky palestinalylara garşy eden jenaýatlary we Eýrana eden hüjümi baradaky pozisiýasyna ýokary baha berdi.
Şol bir wagtyň özünde Pezeşkian Guterreşi sionist režimiň palestinalylara we sebitdäki beýleki ýurtlara garşy eden jenaýatlaryny ýazgarmakda has anyk pozisiýa eýelemäge çagyrdy.