Masud Pezeşkian: Snap Back mehanizmi goşa standartlaryň mysalydyr
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti, käbir ýurtlaryň Snap Back mehanizmini işjeňleşdirmek baradaky tagallalaryna ünsi çekip, muny goşa standartlaryň aýdyň mysaly hasaplamak bilen ýadro şertnamasyny bozanlar indi Eýrany borçlaryny bozmakda aýyplaýarlar diýdi.
Sişenbe güni öýlän Hytaýa sapary wagtynda, Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Masud Pezeşkian, Hytaý Merkezi telewideniýesi (CCTV) bilen jikme-jik söhbetdeşlikde,Snap Back mehanizminiň işjeňleşdirilmegi baradaky soraga jogap edip bu mesele birtaraplaýynlygy goldaýan ýurtlaryň ulanýan we alyp barýan goşa standartlarynyň mysalydyr diýdi.
Pezeşkian şeýle-de ýadro şertnamasyny bozan şol adamlar indi Eýranyň öz borçlaryny ýerine ýetirmeýändigini öňe sürýärler diýdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti: Birtaraplaýynlyga garşy göreşde Hytaý bilen durýan ýurtlaryň goldawyny çekmek gaty möhümdir we totalitar ýurtlaryň aşa köp bolmagyna bu ýurtlary bu ýoldan sowmak üçin rehimsiz sanksiýalar girizmek ýaly syýasatlar arkaly ýol bermeli däldiris diýdi.