Pezeşkian: Eýran-Hytaý gatnaşyklaryna garşy çykýanlaryň sütemine garşy durmalydyrys
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i27260-pezeşkian_eýran_hytaý_gatnaşyklaryna_garşy_çykýanlaryň_sütemine_garşy_durmalydyrys
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň hemişelik agzasy bilen bolan duşuşygynda şeýle diýdi: Eýran bilen Hytaýyň arasynda dostlukly gatnaşyk islemeýän ýurtlaryň sütemine garşy durmalydyrys.
(last modified 2025-09-03T04:16:47+00:00 )
Sep 03, 2025 09:16 Asia/Ashgabat
  • Pezeşkian: Eýran-Hytaý gatnaşyklaryna garşy çykýanlaryň sütemine garşy durmalydyrys

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň hemişelik agzasy bilen bolan duşuşygynda şeýle diýdi: Eýran bilen Hytaýyň arasynda dostlukly gatnaşyk islemeýän ýurtlaryň sütemine garşy durmalydyrys.

Prezident Masud Pezeşkian Hytaýa sapary wagtynda Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň hemişelik agzasy Huang Hu bilen duşuşyp, köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähmiýetine ünsi çekip, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyny birtaraplaýynlyga garşy göreşmegiň täsirli guraly hökmünde häsiýetlendirdi we adamzat adalata, adalatlylyga we kanuna hormat goýmaklyga mätäçdir diýdi.

Pars Today-iň habaryna görä Pezeşkian sözüniň dowamynda: Global siwilizasiýa Eýran we Hytaý ýaly ýurtlaryň gadymy taryhyna we medeniýetine daýanýar we bu siwilizasiýalaryň nukdaýnazaryndan ýurtlar buýsançly durmuşda ýaşap bilerler.

Ol şeýle hem Eýran bilen Hytaýyň arasynda dostlukly gatnaşyklary islemeýän ýurtlaryň sütemine garşy durmalydyrys diýdi.

Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Mao Ning sişenbe güni X sosial ulgamynda "Hytaýyň prezidenti Şi Jin piň Pekinde Eýranyň prezidenti Masud Pezeşkian bilen duşuşdy diýdi.

Mao Ning sözüniň dowamynda Hytaý Eýran bilen gatnaşyklaryny Günbatar Aziýadaky diplomatik gün tertibinde hemişe goýýar we Eýran bilen dostlugy ösdürmek, birek-birege ynamy çuňlaşdyrmak we dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmek üçin Eýran bilen işleşmäge taýýardyr diýdi.