Galibaf: Musulman hökümetleri Sionist režimiň öldüriji maşynyny duruzmak üçin amaly çäreleri görmeli
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i27266-galibaf_musulman_hökümetleri_sionist_režimiň_öldüriji_maşynyny_duruzmak_üçin_amaly_çäreleri_görmeli
Eýran mejlisiniň başlygy, musulmanlaryň Gazadaky genosidi bir ses bilen we ikirjiňlenmän ýazgarmalydygyny aýtmak bilen musulman hökümetleri, halkyň yzyna düşüp, Sionist režiminiň öldüriji enjamyny duruzmak üçin amaly çäreleri görmelidirler diýdi.
(last modified 2025-09-03T06:28:45+00:00 )
Sep 03, 2025 11:28 Asia/Ashgabat
  • Galibaf: Musulman hökümetleri Sionist režimiň öldüriji maşynyny duruzmak üçin amaly çäreleri görmeli

Eýran mejlisiniň başlygy, musulmanlaryň Gazadaky genosidi bir ses bilen we ikirjiňlenmän ýazgarmalydygyny aýtmak bilen musulman hökümetleri, halkyň yzyna düşüp, Sionist režiminiň öldüriji enjamyny duruzmak üçin amaly çäreleri görmelidirler diýdi.

Eýran mejlisiniň başlygy Muhammet Bager Galibaf çarşenbe güni mejlisiň açyk kazyýetinde eden çykyşynda häzirki wagtda agzybirligiň esasy mysaly, iň uly ýamanlyk hökmünde sionist režime garşy göreşde ýüze çykmalydyr diýdi.

Eýran mejlisiniň başlygy Agzybirlik hepdeliginiň gelmegini gutlady we şeýle diýdi: Merhemet pygamberimiz (saw) doglan güni bilen bezelen bu günler, Pygamberimiziň (saw) imana, rasionallyga we söýgä esaslanýan jemgyýet döretmek we musulmanlary duýgudaşlyga we agzybirlige çagyrmak wezipesini ýada salýar diýdi.