Pezeşkian: Eýran ähli güýji bilen Wenesuelanyň territorial bitewiligini we milletini goldaýar
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i27282-pezeşkian_eýran_ähli_güýji_bilen_wenesuelanyň_territorial_bitewiligini_we_milletini_goldaýar
Eýran Yslam Respublikasynyň PrezidentiWenesuelaly kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde Eýran ýurtlaryň territorial bitewiliginiň bozulmagyny ýazgarýar we Wenesuelanyň territorial bitewiligini we milletini ähli güýji bilen goldaýar diýdi.
(last modified 2025-09-09T06:26:57+00:00 )
Sep 09, 2025 11:26 Asia/Ashgabat
  • Pezeşkian: Eýran ähli güýji bilen Wenesuelanyň territorial bitewiligini we milletini goldaýar

Eýran Yslam Respublikasynyň PrezidentiWenesuelaly kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde Eýran ýurtlaryň territorial bitewiliginiň bozulmagyny ýazgarýar we Wenesuelanyň territorial bitewiligini we milletini ähli güýji bilen goldaýar diýdi.

1404-nji ýylyň 17-nji Şahriwar duşenbe güni agşam, Eýranyň we Wenesuelanyň prezidentleri Masud Pezeşkian we Nikolas Maduro soňky sebit we halkara wakalar, esasanam Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Wenesuela garşy prowokatiw hereketleri, şeýle hem ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek we çuňlaşdyrmak strategiýalary barada pikir alyşdylar.

Pars Today -iň habaryna görä, Prezident Masud Pezeşkian Wenesuelaly kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde şeýle diýdi: Eýranyň tejribesi, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň we Sionist režiminiň Eýrana garşy gönükdirilen maksatlarynyň ýeňilmeginiň milli bitewiligiň we içerki raýdaşlygyň netijesidigini görkezdi, bu bolsa milletimize çäksiz güýç berdi.

Pezeşkian şeýle-de Wenesuelanyň prezidentiniň bu ýurtda döredilen milli jebislik baradaky hasabatyndan hoşaldygyny aýtdy.

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, şeýle hem Eýran Yslam Respublikasynyň Wenesuelany berk goldaýandygyny nygtamak bilen Eýran ýurtlaryň territorial bitewiligini bozmagy ýazgarýar we Wenesuelanyň halkyny ähli güýji bilen goldaýar. Wenesuelada emele gelen agzybirligiň we raýdaşlygyň kölegesinde bu ýurt ýeňiş we buýsanç ýolunda galar diýdi.

Pezeşkian Wenesuelanyň sebitdäki parahatçylygy we durnuklylygy goramak baradaky başlangyçlaryny garşy aldy we Eýran Yslam Respublikasynyň bu dostlukly we soýuzdaş ýurt bilen bilelikdäki hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny aýtdy.

Wenesuelanyň prezidenti Nikolas Maduro hem Eýran Yslam Respublikasynyň Wenesuelanyň hökümetine we halkyna berýän goldawy üçin minnetdarlyk bildirmek bilen häzirki wagtda Eýran bilen Wenesuela öňkülerinden has agzybirdirler diýdi.

Wenesuelanyň prezidenti öz ýurdunda milli jebislige we doly jebislige ünsi çekdi şu gün Wenesuela, hökümet, millet we ýaragly güýçleriň arasynda göreldeli raýdaşlygyň kölegesinde, islendik howpdan goranmak we güýçli saklamak üçin güýç gazandy diýdi.

Nikolas Maduro sözüniň dowamynd ABŞ-nyň metbugat atmosferasy we ABŞ-nyň öz ýurduna Wenesuela garşy alyp barýan psihologiki amallary barada durup geçip, Amerikanyň Birleşen Ştatlary Wenesuelanyň abraýyny ýok etmek isleýär, galp we ýalan kyssa döredýär ýöne kyssa öz halkynyň arasynda-da kabul edilmeýär diýdi.