Eýranly talyplar, arap ýaşlaryna Ysraýyla garşy söweşmäge kömek etmäge taýyndygyny yglan etdiler
Arap ýurtlarynyň ýaşlaryna ýazan hatynda, Eýranyň uniwersitetleriniň bir topary, sionist režime garşy söweşde arap ýurtlaryna kömek etmek üçin inženerçilik we ylmy gözleglerini geçirmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.
Ýekşnbe güni Eýran uniwersitetiniň talyplarynyň bir topary arap ýurtlarynyň ýaşlaryna hat ýazyp, Sionist režimiň Katara eden hüjümine ünsi çekip, bu jenaýatçy režimine garşy göreşmekden we söweşmekden başga çözgüt ýok, biz inženerçilik we ylmy netijelerimizi arap doganlarymyz bilen paýlaşmaga taýýardyrys diýdiler.
Pars Today -iň habaryna görä, bu hatda şeýle-de biz we pakistanly doganlarymyz size raketa, ýadro, hemra, biologiki we Günbataryň haýyş etmegini isleýän islendik strategiki bilimleri bermäge taýýardyrys diýip getirilendir.
Bu hatda şeýle hem soňky iki ýylda bolup geçen wakalar gepleşikleriň we diplomatiýanyň diňe bir bu krizisleriň çözgüdi bolman, eýsem sionist režimiň we iň uly goldawçysy jenaýatçy Amerikanyň agressiýa meýilnamasynyň bir bölegidigini aýdyň görkezýär; soňky tejribeler her gezek gepleşikler geçirilende hüjümi güýçlendirmek we onuň arkasynda öldürmek meýilnamasynyň bardygyny subut etdi diýilip getirilýär.