Pezeşkian: Yslam ýurtlary agzybirligi saklamaly we sionist režimi bilen gatnaşyklary kesmeli
Eýranyň prezidenti, sionist režimiň hereketlerine jogap hökmünde yslam ýurtlarynyň agzybirligini we jebisligini ýokarlandyrmalydygyny aýtmak bilen Yslam ýurtlary biri-biri bilen birleşmeli we ykdysady, medeni we jemgyýetçilik ugurlarynda amaly çäreler arkaly sionist režimi bilen gatnaşyklary kesmeli diýdi.
Eýranyň prezidenti Masud Pezeşkian duşenbe güni Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we Arap Bileleşiginiň gyssagly sammitine gatnaşmak üçin Katara gitmezden ozal, Sionist režimiň Doha garşy hüjümi barada gürrüň gozgap Sionist režimi özi üçin hiç hili çarçuwany ykrar etmeýär we Katar, Liwan, Yrak, Eýran we Ýemen ýaly köp sanly Yslam döwletine hüjüm etdi; islän zadyny edýär, gynansak-da ABŞ we Ýewropa ýurtlary hem bu hereketleri goldaýarlar diýdi.
Eýranyň prezidenti şeýle hem Ysraýyl režimi Gaza zolagynda aýal-gyzlary, çagalary we garrylary ölüm jezasyna höküm edýär, gynansak-da, günbatar ýurtlary bu hereketleri sionist aparteid režimine goldaw we üpjünçilik bilen kanunlaşdyrýar diýip beýan etdi.
Pezeşkian Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we Arap Bileleşiginiň gyssagly sammitiniň netijelerine umyt baglaýandyklaryny mälim etmek bilen Yslam ýurtlary sionist režimiň hereketlerine garşy agzybirligini we jebisligini ýokarlandyrmaly we bu režimiň jenaýatlaryny halkara we hukuk forumlarynda yzarlamaly; Yslam ýurtlary ykdysady, medeni we jemgyýetçilik ugurlarynda amaly çäreler arkaly Sionist režgimi bilen gatnaşyklaryny kesmeli diýip sözlerine goşdy.