Eýranyň Ýokary Milli Howpsuzlyk Geňeşi: Agentlik bilen hyzmatdaşlygy togtadylýar
Eýran Yslam Respublikasynyň Ýokary Milli Howpsuzlyk Geňeşi öz beýanynda Ýewropa ýurtlarynyň weýrançylykly hereketlerine salgylanyp, Tähranyň Halkara Atom Energiýasy Guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň togtadylandygyny habar berdi.
Eýranyň Ýokary Milli Howpsuzlyk Geňeşi şenbe güni agşam prezident Masud Pezeşkýanyň ýolbaşçylygynda ýygnak geçirdi.
Pars Today -iň habaryna görä, Eýranyň Ýokary Milli Howpsuzlyk Geňeşi öz beýanynda Eýranyň Daşary işler ministrliginiň Agentlik bilen hyzmatdaşlygyna we meseläni çözmek meýilnamalarynyň hödürlenendigine garamazdan, Ýewropa ýurtlarynyň hereketleri bilen Agentligi bilen hyzmatdaşlygyň ýoly togtadylar diýdi.
Prezident Masud Pezeşkian Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň mejlisinde Eýranyň ýadro sanksiýalarynyň ýatyrylmagyny uzaltmazlyk barada kabul edilen karar barada beren gürrüňlerinde hem Eýran päsgelçilikleri ýeňip geçer we bu ýurda garşy çykýanlar biziň ýolumyzy ýapyp bilmez diýdi.