Eýran diplomaty: Ýewropanyň Snapback hereketi, ýarag ýaýratmazlyk düzgüniniň gurluşyny gowşadýar
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i27332-eýran_diplomaty_Ýewropanyň_snapback_hereketi_ýarag_ýaýratmazlyk_düzgüniniň_gurluşyny_gowşadýar
Eýranly diplomat käbir Ýewropa ýurtlarynyň esassyz hereketleri bilen ýarag ýaýramazlyk düzgünine zyýan ýetirýändigini, Snapback mehanizminden hyýanatçylykly peýdalanmagyň netijelerini esaslandyryjylar we goldaýanlar çekjekdigini aýtdy.
(last modified 2025-09-21T12:09:25+00:00 )
Sep 21, 2025 17:09 Asia/Ashgabat
  • Eýran diplomaty: Ýewropanyň Snapback hereketi, ýarag ýaýratmazlyk düzgüniniň gurluşyny gowşadýar

Eýranly diplomat käbir Ýewropa ýurtlarynyň esassyz hereketleri bilen ýarag ýaýramazlyk düzgünine zyýan ýetirýändigini, Snapback mehanizminden hyýanatçylykly peýdalanmagyň netijelerini esaslandyryjylar we goldaýanlar çekjekdigini aýtdy.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň konsullyk, parlament we eýranlylar bölüminiň baş müdiri Huseýin Nouşabadi, üç Ýewropa ýurtlarynyň (Angliýa, Germaniýa we Fransiýa) Snapback mehanizmini işjeňleşdirmek baradaky tagallalary barada şeýle diýdi: Eýran bilen Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň arasynda kabul edilen soňky karara we global kabul edişlige garamazdan, bu üç ýurduň bikanun we prowokatiw hereketleri BMG Howpsuzlyk Geňeşiniň Eýrana garşy kararlaryny dikeltmek üçin Snapback mehanizminden hyýanatçylykly peýdalanmakdyr, bu çäre, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň basyşlaryna we sionist režimiň sebitdäki täze başdan geçirmelerine ýol açyp biler diýdi.

Eýranly diplomat bu Ýewropa ýurtlarynyň üçüsiniň weýran ediji hereketleriniň we BMG Howpsuzlyk Geňeşiniň sanksiýalaryny yzyna gaýtarmak baradaky tagallalarynyň sebitiň asudalygyna we howpsuzlygyna howp salýandygyny ýene bir gezek nygtady.