Eýranyň Daşary işler ministri: Ysraýyl dünýäde iň ýigrenilýän režimdir
Eýranyň Daşary işler ministri jenaýatçy Ysraýyl režimini sebitde we dünýäde iň ýigrenilýäne režim diýip atlandyrdy.
Duşenbe güni agşam, Eýranyň Daşary işler ministri Seýid Abbas Aragçi X sosial ulgamynda şahsy sahypasynda ýewreý Täze ýylynyň başlanmagyny gutlamak bilen Netanýahu, ýeňiş gazanýandygyny öňe sürse-de, Ysraýyla görlüp-eşidilmedik weýrançylyk we izolýasiýa getirdi diýip ýazdy.
Pars Today -iň habaryna görä, Aragçi sözüniň dowamynda Sionist režimi sebitimizde we bütin dünýäde hergiz beýle ýigrenilmedi. ýewreýleriň adyndan palestinalylara garşy genosid etmegi ýigrenjidir diýdi.
Eýranyň Daşary işler ministri şeýle hem Ýewreýleriň sanynyň köpelip, öz dinlerinden hyýanatçylykly peýdalanmagyna garşy aç-açan nägilelik bildirip, gözlenýän uruş jenaýatçylary tarapyndan ýewreý dininiň kemsidilmeginiň bes edilmegini talap edýärler diýip nygtady.