Mohajerani: Eýran raketa güýjinden göz ýummaz
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i27374-mohajerani_eýran_raketa_güýjinden_göz_ýummaz
Eýran Yslam Respublikasynyň hökümetiniň metbugat sekretary roketa güýji üçin hiç kimden rugsat soramaýarys ýa-da belli bir derejede eglişik etmeris, sebäbi raketalar Eýranyň howpsuzlygynyň bir bölegidir diýdi.
(last modified 2025-09-23T15:12:06+00:00 )
Sep 23, 2025 20:12 Asia/Ashgabat
  • Mohajerani: Eýran raketa güýjinden göz ýummaz

Eýran Yslam Respublikasynyň hökümetiniň metbugat sekretary roketa güýji üçin hiç kimden rugsat soramaýarys ýa-da belli bir derejede eglişik etmeris, sebäbi raketalar Eýranyň howpsuzlygynyň bir bölegidir diýdi.

Eýran hökümetiniň metbugat sekretary Fatemeh Mohajerani, halky goramak üçin hiç kimden rugsat soramaýandygymyzy nygtady we sözüniň dowamynda, 12 gün dowam eden söweşde, milli jebislik bilen birlikde halkymyzy goraýan raketa güýjümiziň hemmeler şaýat boldy, şonuň ýaly-da, sekiz ýyllap mukaddes goranmak döwründe hiç bir ýurduň zerur harby güýçler bolmazdan ýaşap bilmejekdigi subut edildi diýdi.

Eýran hökümetiniň metbugat sekretary, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň saparlarynyň goňşy ýurtlara berilýän ünsi we söwda pudagynda işläp biljek strategiýalarymyzyň dürlüligini görkezýändigini, şeýle hem Eýran Yslam Respublikasynyň hökümetiniň milletiň we ýurduň bähbitleri barada hiç kim bilen ylalaşmaýandygyny aýtmak bilen, sanksiýalaryň yzyna gaýtarylmagynyň Hytaý bilen Eýranyň ýaran ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklara garşy roly barada gürrüň gozgap Eýranyň goňşy ýurtlar we sebit bilen üznüksiz baglanyşygy bar we diplomatiýa, elbetde, Eýranyň alyş-çalyşlaryny giňeltmek üçin infrastruktura bolup durýar diýdi.