Pezeşkian: Eýranyň ýadro ýaragyny döretmek niýeti ýok we bu meselede tassyklanmaga taýyn
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, Yslam Respublikasynyň ýadro ýaraglarynyň gurulmagyny Yslam Rewolýusiýasynyň lideri fatwasyna laýyklykda haram hasaplaýandygyny aýtmak bilen Eýran bu meselede halkara kanunlarynyň we hukuklarynyň çäginde barlanmaga taýýardyr diýdi.
Masud Pezeşkian ýerli wagt bilen çarşenbe güni öýlän Nýu-York saparyny dowam etdirip, Şweýsariýanyň prezidenti Karin Keller-Sutter bilen duşuşdy we bu ýurduň ynsanperwerlik tagallalaryna ünsi çekmek bilen häzirki wagtda Gazadaky bigünä we goragsyz çagalar we aýallar derman we azyk ýetmezçiligi sebäpli ölýärler we Şweýsariýa betbagtçylygyň dowam etmeginiň we ýaýramagynyň öňüni almak üçin täsirli tagalla edip biler diýdi.
Eýranyň prezidenti, Tähranyň halkara kanunlarynyň we ýadro ýaragyny döretmek meselesindäki hukuklarynyň çäginde barlanmaga taýýardygyny aýdyp, bu meseläni çözmek üçin diplomatik gepleşikleri goldaýarys, ýöne tebigy ýagdaýda, eger Snapbak işjeňleşdirilse, gepleşikleriň manysy bolmaz diýdi. Pezeşkian, şeýle hem Eýranyň Şweýsariýa bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge we gatnaşyklary ösdürmäge taýýardygyny mälim etdi.
"Karin Keller-Sutter" bu duşuşykda Pezeşkýanyň döredijilikli pozisiýalaryna ýokary baha berip Eýran bilen Şweýsariýa ikisi hem dünýäde parahatçylygy ornaşdyrmak baradaky umumy maksada ýetmäge çalyşýarlar diýdi.
Şweýsariýanyň prezidenti şeýle hem ýurdynyň Eýran bilen Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň arasyndaky islendik konstruktiw gatnaşygy makullaýar we diplomatik gepleşikleriň problemalary çözmegiň we gatnaşyklary berkitmegiň iň gowy usulydygyna çuňňur ynanýar diýdi.