General-maýor Safawi: Eýranyň raketa hüjümlerinde 16 Ysraýyl uçarmany öldürildi
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i27404-general_maýor_safawi_eýranyň_raketa_hüjümlerinde_16_ysraýyl_uçarmany_öldürildi
Ymam Hameneýiniň ýokary harby geňeşçisi 12 günlük söweşde Eýranyň raketa hüjümlerinde azyndan 16 Ysraýyl uçarmanyň öldürilendigini habar berdi.
(last modified 2025-09-30T07:41:26+00:00 )
Sep 30, 2025 12:41 Asia/Ashgabat
  • General-maýor Safawi: Eýranyň raketa hüjümlerinde 16 Ysraýyl uçarmany öldürildi

Ymam Hameneýiniň ýokary harby geňeşçisi 12 günlük söweşde Eýranyň raketa hüjümlerinde azyndan 16 Ysraýyl uçarmanyň öldürilendigini habar berdi.

Duşenbe güni Yslam Rewolýusiýasynyň Lideriniň Ýokary Harby Geňeşçisi general-maýor Seýid ýäýa Safawi sionist režim bilen Eýranyň arasynda bolup geçen 12 günlük söweş barada beren gürrüňlerinde ABŞ we Ysraýyl 8 ýyl uruşda öz maksatlaryna ýetip bilmedikleri ýaly bu söweşde-de hem şowsuzlyga uçrady diýdi.

General-maýor Safawiniň pikiriçe, bu söweşde Eýran tarapyndan basylyp alnan ýerlere 500-den gowrak raketa atyldy we Ysraýylyň Haýfa we beýleki sebitlerine uly zyýan ýetdi.

General-maýor Safawi sözüniň dowamynda Sionist režimiň synag merkezine raketa hüjüminde azyndan 16 ysraýylly uçarman öldürildi, emma basyp alyjy režim 12 günlük söweşde çekilen ýitgiler we zyýanlar barada jikme-jiklikleriň çap edilmeginiň öňüni alýar diýdi.