Aragçi: Baýlaşdyrmak Eýranyň hukugy
Eýranyň Daşary işler ministri urany baýlaşdyrmagyň Yslam respublikasynyň hukugydygyny aýtdy.
Sişenbe güni çap edilen CNN telekanalyna beren interwýusynda Eýranyň Daşary işler ministri Seýid Abbas Aragçi biziň ýadro ýaragyna eýe bolmak islegimiz ýokdy we ýadro şertnamasyna P5 + 1 ýurtlary, şol sanda ABŞ bilen 2015-nji ýylda gol çekenimizde muny subut etdik diýdi.
Pars Today -iň habaryna görä, Aragçi Amerikanyň Birleşen Ştatlary ýadro desgalarymyza we baýlaşdyryş merkezlerine hüjüm edip, olary ýok etdi we olara agyr zeper ýetirdi. Emma bu harby operasiýa bu meseläni çözüp bilmedi, sebäbi tehnologiýa elýeterli we ýerli zatdy. Biz ýadro tehnologiýasyny daşary ýurtlardan import etmedik, özümiz ösdürdik diýdi.
Eýranyň Daşary işler ministri "urany baýlaşdyrmak biziň hukugymyz" -diýdi we hiç haçan ýadro ýaraglaryny ýaýratmazlyk şertnamasyny (NPT) bozmadyk we hemişe halkara hukugynyň çäginde hereket etdik diýdi.