Pezeşkian: Hytaý bilen strategiki hyzmatdaşlyk Eýran üçin möhüm meseledir
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i27418-pezeşkian_hytaý_bilen_strategiki_hyzmatdaşlyk_eýran_üçin_möhüm_meseledir
Şi Jin pinge iberen ýüzlenmesinde Prezident ony Hytaý Halk Respublikasynyň döredilmeginiň 76 ýyllygy bilen gutlady we Pekin bilen hemmetaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlygyň Eýran üçin möhüm meseledigini aýtdy.
(last modified 2025-10-01T04:40:12+00:00 )
Oct 01, 2025 09:40 Asia/Ashgabat
  • Pezeşkian: Hytaý bilen strategiki hyzmatdaşlyk Eýran üçin möhüm meseledir

Şi Jin pinge iberen ýüzlenmesinde Prezident ony Hytaý Halk Respublikasynyň döredilmeginiň 76 ýyllygy bilen gutlady we Pekin bilen hemmetaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlygyň Eýran üçin möhüm meseledigini aýtdy.

Eýranyň prezidenti Masud Pezeşkian hytaýly kärdeşini Hytaý Halk Respublikasynyň döredilmeginiň 76 ýyllygy bilen gutlaýan ýüzlenmesinde şeýle diýdi: Milli gün, hytaý halkynyň ösüş we gülläp ösmek ýolunda agzybirligiň, ösüşiň we ajaýyp üstünlikleriň nyşanydyr, bu dünýädäki ýurtlar üçin umumy abadançylyga ýol açdy.

Prezident Şi Jin pinge iberen bu ýüzlenmesinde Pezeşkian; ýakynda Pekinde Alyhezreti bilen bolan duşuşygymda aýdyşym ýaly, Hytaý Halk Respublikasy bilen hemmetaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlyk Eýran Yslam Respublikasy üçin möhüm mesele bolup durýar we üýtgeýän we çylşyrymly halkara we sebit şertleri hemmetaraplaýyn gatnaşyklary berkitmegi we giňeltmegi öňkülerinden has zerur etdi diýdi.

Eýranyň prezidenti Masud Pezeşkian şeýle hem birek-birege hormat goýmak we gyzyklanmalary göz öňünde tutup, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar güýç bilen öser diýip umyt edýärin diýdi.