Irawani: Sebitdäki agyr ýagdaý, käbir güýçleriň interwensiýa syýasatynyň we Ysraýylyň genosidiniň netijesidir
Eýranyň Birleşen Milletler Guramasyndaky hemişelik wekili Günbatar Aziýada diýseň agyr ýagdaý sebitden daşary güýçleriň interwensiýa we militaristik syýasatlarynyň, üznüksiz ýaragly çaknyşyklaryň, uzak möhletleýin basyp alyşlygyň we Sionist režiminiň genosidiniň netijesidir diýdi.
Birleşen Milletler Guramasynyň Ikinji komitetiniň mejlisinde Eýranyň ilçisi we hemişelik wekili "Amir Said Irawani" 2025-nji ýylyň 13-nji iýunynda Sionist režimiň ABŞ-nyň goldawy bilen Eýran Yslam Respublikasyna garşy uly harby agressiýa gurandygyny we netijede 22-nji iýunda Eýranyň parahatçylykly ýadro desgalaryna garşy bikanun hüjümleri amala aşyrandygyny aýtdy; bu çozuşlar Birleşen Milletler Guramasynyň Hartiýasynyň, halkara hukugynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň aç-açan bozulmagydy.
Irawani, Sionist režimiň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Eýrana eden hüjümlerinde parahat ilatyň, hassahanalaryň, metbugat guramalarynyň we möhüm infrastrukturanyň bilkastlaýyn nyşana alnandygyny, munuň halkara parahatçylygyny we howpsuzlygyny bozýandygyny we ýadro ýaraglarynyň ýaýramazlygy baradaky şertnama çynlakaý howp salýandygyny aýtdy.
Eýranyň Birleşen Milletler Guramasyndaky hemişelik wekili şeýle bikanun hereketleriň diňe bir halkara hukugynyň we BMG-nyň Düzgünnamasynyň gödek bozulmagy bolman, eýsem adam saglygyny, ekosistemalary we möhüm çeşmeleri radioaktiw we zäherli materiallary howp astyndadygyny aýtdy.