Admiral Eýrani: Hazar deňzi daşary ýurtlularyň hereket edip biljek ýeri däl
Eýran Yslam Respublikasynyň Harby-deňiz güýçleriniň serkerdesi, Hazar deňziniň daşary ýurtlulara hereket etmäge mümkinçilik berýän gurşaw däldigini aýdyp, Kaspi deňziniň töwereginde ýeterlik güýç toplandygyny aýtdy.
Duşenbe güni, Hazar deňiz ýurtlarynyň deňiz serkerdeleriniň ýygnagyna gatnaşmak üçin Russiýa eden sapary wagtynda, Eýran deňiz flotunyň serkerdesi admiral Şahram Irani: Kaspi deňziniň bäş döwleti gaty gowy gatnaşyklary kesgitledi we şu ýyl täze şertleri täzeden gözden geçirip, iş ýüzünde durmuşa geçirmäge geldik diýdi.
Pars Today-iň habaryna görä, Kaspi deňziniň ähli ýurtlarynyň maksadynyň deňiz howpsuzlygyny ýola goýmakdygyny belläp, bu Hazar deňzi ýurtlarynyň gatnaşmagynda we bu sebitiň ykdysadyýeti depginli bolar ýaly ediler diýdi.
Eýran deňiz flotunyň serkerdesi, Hazar deňziniň daşary ýurtlulara hereket etmäge mümkinçilik berýän gurşaw däldigini aýdyp: Hazar deňziniň töweregine ýeterlik güýç ýygnandy we bu ýygnakda kesgitlenen meseleler hem gowy dowam eder diýdi. Bu duşuşygyň sargydy, Hazar deňzi bilen serhetdeş ýurtlaryň özleri karar bermelidir.