Tähran we Moskwa kiçi göwrümli reaktorlary ösdürmek barada gepleşik geçirýärler
Rosatomdan gelen delegasiýa Eýranyň Atom Energiýasy Guramasynyň işgärleri bilen duşuşdy we dürli meseleler boýunça, esasanam kiçi reaktorlar meselesinde pikir alyşdy we maslahatlaşdy.
Pars Today -iň habaryna görä, döwlet eýeçiligindäki Rosatom korporasiýasynyň halkara gatnaşyklar boýunça müdiriniň orunbasary Nikolaý Spasskiniň ýolbaşçylygyndaky rus delegasiýasy çarşenbe güni Tährana gitdi we kiçi ýadro reaktorlary pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek we Eýranyň Atom Energiýasy Guramasynyň işgärleri bilen 1250 megawatt reaktor gurmak ýaly dürli ýadro meseleleri barada jikme-jik gepleşikler geçirdi.
Geçen hepde Eýranyň Atom Energiýasy Guramasynyň başlygy we wise-prezidenti Muhammet Eslami Russiýa eden saparyndan we Russiýanyň ýokary derejeli resmileri bilen duşuşygyndan soň kiçi göwrümli reaktorlar (SMR) we Eýran-Hormoz atom elektrik stansiýasy taslamasy, 25 milliard dollardan gowrak dört 1250 megawatt reaktor barada iki hyzmatdaşlyk resminamasyna gol çekildi. Bu taslamalar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlykda aýratyn strategiki we ykdysady pozisiýa eýeleýär.
Bu şertnamalardan soň Rosatomyň wekiliýeti Eýranyň Atom Energiýasy Guramasynyň işgärleri bilen duşuşdy we dürli meseleler, esasanam kiçi reaktorlar we 1250 megawatt reaktorlar meselesinde pikir alyşdy. Täze şertnamalar, esasanam ösen reaktorlary taslamak we gurmak pudagynda bilelikdäki hyzmatdaşlygy hasam giňeltmäge ýol açýar.
Soňky günlerde Eýran Yslam Respublikasy bilen Russiýanyň arasyndaky hemmetaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlyk şertnamasy Russiýanyň Döwlet Dumasy tarapyndan tassyklanandan soň güýje girdi.