Bagaýi, sionist jenaýatlaryň Gazada gaýtalanmagynyň öňüni almalydygyny aýtdy
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i27454-bagaýi_sionist_jenaýatlaryň_gazada_gaýtalanmagynyň_öňüni_almalydygyny_aýtdy
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary sionist režimiň Gazadaky jenaýatlarynyň gaýtalanmagynyň öňüni almalydygyny aýtdy.
(last modified 2025-10-13T10:51:49+00:00 )
Oct 13, 2025 15:51 Asia/Ashgabat
  • Bagaýi, sionist jenaýatlaryň Gazada gaýtalanmagynyň öňüni almalydygyny aýtdy

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary sionist režimiň Gazadaky jenaýatlarynyň gaýtalanmagynyň öňüni almalydygyny aýtdy.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary "Ysmaýyl Bagaýi" metbugat ýygnagynda duýduryş berdi: Sebitimiziň soňky onýyllyklarda başdan geçirenlerini, sionist režimiň birnäçe gezek wadany bozmagy, esasanam Liwanda 4500-den gowrak ýaraşyk düzgünini bozandygyny göz öňünde tutup parahatçylyk bilen gyzyklanýanlardan bu režimiň beren wadasyny bozmak endigini we Gazadaky jenaýatçylykly hereketlerini gaýtalamazlygy üçin gözlerini açmagyny talap edýär diýdi.

Ol şeýle hem Gazadaky partlamalar belli bir derejede togtadylan hem bolsa, soňky iki ýylda bolup geçen jenaýatlaryň çuňlugyna we agyrlygyna şaýat bolýarys; harabalyklary aýyrmak bu döwürde näçe palestinalynyň dürli ýollar bilen şehit bolandygyny görkezýär.