Aragçi: Eýran halkyna howp salýanlar bilen hyzmatdaşlyk etmeris
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i27456-aragçi_eýran_halkyna_howp_salýanlar_bilen_hyzmatdaşlyk_etmeris
Eýranyň Daşary işler ministri Şarm el-Şeýh sammitine gatnaşmajakdygyny aýdyp, Yslam respublikasynyň Eýran halkyna sanksiýa beren we howp salýan ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk etmejekdigini aýtdy.
(last modified 2025-10-13T10:52:15+00:00 )
Oct 13, 2025 15:52 Asia/Ashgabat
  • Aragçi: Eýran halkyna howp salýanlar bilen hyzmatdaşlyk etmeris

Eýranyň Daşary işler ministri Şarm el-Şeýh sammitine gatnaşmajakdygyny aýdyp, Yslam respublikasynyň Eýran halkyna sanksiýa beren we howp salýan ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk etmejekdigini aýtdy.

Eýranyň Daşary işler ministri Seýid Abbas Aragçi X sosial ulgamynda eden habarynda Eýranyň Müsüriň prezidentiniň Şarm el-Şeýh sammitine gatnaşmagy üçin çagyryşyna minnetdardygyny, emma howplaryň we sanksiýalaryň dowam etmegi sebäpli käbir ýurtlar bilen aragatnaşyk saklamagyň mümkin däldigini aýtdy.

Ol şeýle-de bu sammitlere ne prezident Pezeşkianyň, ne-de özi gatnaşjakdygyny aýtdy. Aragçi, şeýle hem, Gazadaky genosidiň soňlanmagyna we basyp alyjy güýçleriň ýurtdan çykarylmagyna alyp barýan islendik inisiatiwany garşy aldy we Eýranyň sebitde parahatçylyk üçin hemişe möhüm güýç bolandygyny we boljakdygyny aýtdy.