Eýran ABŞ-nyň Wenesuela garşy alyp barýan hereketlerini ýazgarýar
Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary anna güni ABŞ-nyň Wenesuelanyň kenar ýakasyndaky harby hereketleriniň möwjemegini ýazgardy.
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Esmail Bagaýi ABŞ-nyň Wenesuelanyň kenarýakasyndaky harby hereketleriniň möwjemegine, şol sanda balykçy gaýyklaryna yzygiderli hüjüm edilmegine we Karakasa garşy güýç ulanmak we harby dahylçylyk etmek barada aç-açan haýbat atmagy Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň esasy ýörelgeleriniň we maksatlarynyň, esasanam döwletara gatnaşyklarynda güýç ulanylmagyny gadagan etmek ýörelgesiniň aç-açan bozulmagy hasaplady.
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary, ABŞ-nyň bu bikanun we öjükdiriji hereketlerini ýazgarmak bilen, BMG Howpsuzlyk Geňeşiniň halkara parahatçylygyna we howpsuzlygyna garşy islendik agressiýanyň öňüni almak jogapkärçiligini hem belläp geçdi.