Eýranyň Daşary işler ministri: Amerika dünýäde iň howply ýadro ýaragyny ýaýradyjydyr
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i27536-eýranyň_daşary_işler_ministri_amerika_dünýäde_iň_howply_ýadro_ýaragyny_ýaýradyjydyr
Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri penşenbe güni agşam ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň ýadro ýaragyny synagdan geçirmek baradaky buýrugyna jogap hökmünde şeýle diýdi: Birleşen Ştatlar dünýäde iň howply ýadro ýaragyny ýaýradyjydyr.
(last modified 2025-10-31T07:05:05+00:00 )
Oct 31, 2025 12:05 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň Daşary işler ministri: Amerika dünýäde iň howply ýadro ýaragyny ýaýradyjydyr

Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri penşenbe güni agşam ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň ýadro ýaragyny synagdan geçirmek baradaky buýrugyna jogap hökmünde şeýle diýdi: Birleşen Ştatlar dünýäde iň howply ýadro ýaragyny ýaýradyjydyr.

Seýid Abbas Aragçy twitde şeýle ýazdy: “Goranmak ministrliginiň” adyny “Uruş Ministrlik” diýip üýtgetmek bilen, ýadro ýaragly zoraky ýene-de ýadro ýaragyny synagdan geçirmek işini gaýtadan başlaýar diýdi. Eýranyň Daşary işler ministri sözüni dowamynda şol bir zoraky Eýranyň parahatçylyk maksatly ýadro programmasyny howply edip görkezýär we biziň kepilligimiz astynda ýadro desgalaryna mundan beýläk hüjüm etmek howpuny döredýär; bu hereketleriň hemmesi halkara hukugyny aç-açan bozýar diýip nygtady.

Aragçy şeýle hem Ýadro synaglarynyň täzeden başlandygyny yglan etmek yza gaýtýan we jogapkärçiliksiz hereketdir we halkara parahatçylygyna we howpsuzlygyna çynlakaý howp salýar diýdi. Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri sözüni şeýle dowam etdi: Dünýä şeýle zalym ýaraglaryň ýaýramagyny kadalaşdyrmak üçin Birleşen Ştatlary biragyzdan jogapkär hasaplamalydyr.